Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Filosofiýanyň esasy meselesi. Ontologiýa

3 minut alar

Filosofiýanyň esasy meselesi

F.Engelsiň aýtmagyna görä:

 - Filosofiýanyň esasy meselesi, pikirlenmäniň (*ideýa) barlyga (*materiýa), ruhuň tebigata gatnaşygy baradaky meseledir. Onuň 2 tarapy bar:  

1. Näme ilkinji (materiýa ýa aň)?  

2. Dünýä akyl ýetirerlikmi ýa-da ýok?  

Ýagny, ýokarky sözleme salgylansak, filosofiýanyň öňünde duran iki mesele bar. Bu meseläniň anyk çözüwi ýokdur we ol müdimi dowam etjek soragdyr. Bu soraglar öz içine dünýäniň gelip çykyşy, adamyň döreýşi, onuň tebigatda we jemgyýetde tutýan orny ýaly wajyp meselelere gönükdirilendir.  


Ilki bilen bu soragyň ONTOLOGIK tarapynyň üstünde durup geçeliň, ýagny "näme ilkinji?" diýen soragda. Bu soraga jogap berilende adamlar esasy iki topara ýagny materialistlere we idealistlere bölünýärler (bu iki topardan başga dualistler we plýuralistler hem bar).  

Materialistler, bu dünýäde ilkinji dörän zady materiýa hasaplaýarlar. Olaryň pikiriçe, hemme zat material häsiýetlidir we ideal zatlar materiýanyň içine aralaşýarlar. Umaman, olar "materiýa ilki döreýär, soňra onuň içine ideýa (ruh) aralaşýar" diýen garaýşy goldaýarlar. Olaryň köpüsi ruh düşünjesini inkär edýärler. Materializmi esaslandyran Demokrit hasaplanylýar. Onuň materialistik taglymatyna "atomistika" diýilýär. Onuň pikiriçe ähli zadyň SUBSTANSIÝASY atomlardan düzülen we hemme zady bölseň, ahyr soňy bölünmeýän ownuk bölejikler galýar. Olar atomlardyr (grekçeden terjime edilende "bölünmeýän" diýmek). Demokrit boýunça atomy göz bilen görüp  bolmaýar. Ähli zatlar hem atomlaryň birleşmesinden emele gelýär. Ol atomlaryň baky barlykdygyna ynanypdyr we "hemme zat atomlardan dörän" diýip hasaplapdyr.  

Idealistler, bu dünýäde ilkinji dörän zady ideýa (ruhy barlyk) hasaplaýarlar. Olaryň garaýşy boýunça ähli zat (şol sanda materiýa hem) ideýanyň önümidir. Olaryň pikiriçe, ilki şol zat hakynda pikir döreýär, soňra ol şekil alyp, materiýal häsiýete eýe bolýar. Idealizmi esaslandyran Platondyr. Onuň idealistik filosofiýasyna görä, hemme zatdan öň IDEÝA (ýagny, beýik aň, beýik ruh) bolupdyr. Ol Eýdoslary (eýdos - pikir) döredipdir. Eýdoslar ideal dünýäde ýaşapdyrlar. Ideal dünýäde diňe  gowy zatlar bolupdyr, erbet zatlara ýer bolmandyr. Emma käbir Eýdoslar LETA derýasyna düşüp, başga hakykata, ýagny reallyga geçipdirler. Olar netijede, özleriniň göterýän manysyna görä şekil alypdyrlar we materiýal görnüşe geçipdirler. Platonuň pikiriçe, materiýa ruh üçin zyndan, bu dünýä hakyky we baky dünýä däl, bu dünýe ýalançy dünýe. Ruh şol sebäpden bu dünýede hakyky bagty tapyp bilmeýär we şonuň üçin ömrüniň köp bölegini bagtsyz, närazy geçirýär. Emma olar material durkuny ýitirenlerinden soň erkinlige ugur alýarlar we ideal dünýä gaýdyp barýarlar.  


Bu garaýyşlar soňky döwürlerde has hem kämilleşýärler. Emma idealizm bilen materyalizmiň düýbi ýaňy agzalan iki sany garaýyşdan gaýdýar. Ol garaýyşlar adamzat medeniýetini emele getirmekde örän wajyp orun eýelän garaýyşlardyr. Sözlük:

- Substansiýa - düýp esas, özen diýen manyny berýän termin.

- Ontologiýa - grekçede "ontos - barlyk", "logos - taglymat" diýmek, ýagny barlyk hakyndaly ylym

- Gnoseologiýa - grekçede "gnoseo - aýdyňlanmak, anygyna ýetmek" diýen manyny berýär, ýagny akyl ýetiriş hakyndaky ylym

Hormatlamak bilen: ylmy.goldaw

Wagt aýyryp okanyňyz üçin minnetdar!

P.S. Materiallar ulanylmaga alynan ýagdaýynda salgylanma görkezilse hoşal bolardym!

123 |
|