Mugallym, manager
Ertiriň Fatyhlary kimlerdir?!
6 minut alar
Şu taryha yz galdyran gahrymanlara bir serediň! Döwrüň kynçylyklaryna garamazdan isledikleri ýeňişi aldylar. Ýöne nähili?! Hiç bir agaç azapsyz miwe bermez. Beýik türkmen Seljuk döwletiniň solatany Alp Arslanyň goşuny Malazgirde mejbury gitmediler. Olar ýeňişe ynanyp, hemmesi bir ynançda söweşdiler. Eger Alp Arslan adaty serkerde bolsady bu ýeňişi almak ähtimallygy ýokdy. Ol döwrüň talaplaryna görä hereket etdi. Garşysyndaky goşunyň plany bilen duzaga düşürmegi başardy. Bu plany jahyl adamyň başarjak zady däl. Ýeri gelen-de ylym öwrendi, ýeri geldi ata münüp gylyç alyp goşuny bilen söweşdi. Geçmişde soltanyň ogullaryny ýörite atabeglere berip ýetişdirýärdiler. Türkmen geçmişinde diňe Alp Arslan däl birnäçe soltanlar öz täsir galdyryjy ýeňişlerini we başarnyklaryny taryha altyn harplar bilen ýazdylar. Olardan ýatdan çykmajak ýeňişi bilen tanalýan beýik Osmanly türkmen imperiýasynyň soltany Fatyh Soltan Mehmet. Ol 1432-nji ýylyň 30-njy martynda Edirnede dünýä indi. Kakasy Soltan Myrat II, ejesi Hüma Hatundyr. Ýaş wagtynda bilim almagyna we taýýarlanmagyna uly ähmiýet berlen Şazada Mehmet döwrüň iň görnükli alymlary tarapyndan bilim aldy. Heniz on bir ýaşyndaka dolandyryjylyk tejribesini almak üçin Manisa sanjakbegligine bellendi.
Filosofiýa, hadys, tafsir, fykh, kalam, taryh, geometriýa we matematika hünärlerini gowy derejede öwrenýärdi. 1444-nji Myrat II tagty 12 ýaşly ogly Mehmede tabşyryp, Manisa dolanýar. Ýöne Osmanly tagtyna kiçi ýaşda biriniň geçmegini eşiden Ýewropa ýurtlarynyň ýene bir gezek Osmanly topraklaryna tarap hereket etdiler. Şol sebäpden Myrat II 1446-njy ýylda täzeden tagta oglunyň buýrugy bilen geçýär.
“Atam, tagt seniň hakyň. Eger men Soltan bolýan bolsam, size buýurýaryn tagta geçiň!”-diýip atasyna ýüzlenipdir.
Mehmet II 1451-nji ýylda atasynyň ölüminden soňra 19 ýaşynda täzeden çykýar. Ol 1453-nji ýylda alyp bolmaz diýiliýän Konstantinopol häzirki Istanbuly 21 ýaşynda basyp almagy başardy. Söweş üçin özüniň proýektini çyzan dikligine ot açýan topy ulanyldy.
Duşmanyň pikir edip bilmejek hereketi etdi. Goşunyň gämisini gury ýerden geçirip, duşmandan bir ädim öňe saýlandy. Fatyh Soltan ýaşlygyna garamazdan şäheri aljak gününi hasap edip biljek derejede matematikany, 6 sany dili (arap, pars, grek, latyn, ibrani, slawik), Aýyň şol gün nireden dogjagyny hasaplap biljek derejede zehinli ýaş soltandy. Şäheri alandan soň häzirki Istanbul uniwersitetiniň düýbüni tutdy. Alymlardan öwrenmegi hiçwagt egsiltmedi. Olaryň birinden öwrenip beýlekisinden sorap olaryň ylym dawalaryna ýol açyp biljek derejede akyllydy.
Fatyhyň ýeňişi diňe Istanbuly almak däl. 1460-njy ýylda Moraýy, 1461-nji ýylda Trabzony, 1454-1457-nji ýyllarda Serb topraklary, 1477-nji ýylda Kyrym hanlygyny we Boşnak topraklaryny özüne aldy. Bulardan başga-da birnäçe ýeňişleri we adalatlygy bilen dünýä taryhynda yz galdyran bu beýik şahsyýet öz döwrüniň talaplaryna görä özüni taýynlady. Onuň belläp geçen sözleri nähili şahsyýetdigini subut etýär:
“Mümkin däliň çägi görmek üçin, mümkin däli barlap görmeli.”
“Biz topraklary däl, köňülleri feth etmäge gidýäris.”
“Bir şäherde iň möhüm üç zat: kanalizasýon, hammam we kitaphanadyr. Sebäbi kanalizasýon şäheriň hapasyny, hammam bedeniň hapasyny we kitaphanalar-da ruhuň hapasyny tämizleýär.”
Fatyh Soltan Mehmet döwrüň talaplaryna görä hereket edip durmuş diýlen oýuny gazanmagy başardy. Sen hem Fatyh ýaly taryha yz galdyrmak isleýän bolsaň, onda döwrüň düzgünlerine göre herekete başla! Köp okap, ylym alyp dünýä derejesine öz başarnyklaryňy subut et! Çünki döwrüň iň esasy synagy ylymdyr.
Bu maglumatlary näme üçin aýtýarka diýýänleriňiz bardyr. Biziň kimlerden bolanymyzy kimler bolup bilmek ähtimallygymyzy düşündirmek isledim. Hökman başga ýerden görelde almaga gahrymanlary gözlemek mejburynda däl. Serediň al-Horezmi algoritimiň düýbüni tutdy. Belki ol bolmadyk bolsa seniň eliňdäki mobiliň bolmazdy. Ýa-da Ibn Sina. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýerinde onuň kitaplary ulanylýar. Häzirki gahrymanlar bilimde, telekeçilikde täze ýol açan adamlardyr. Gündelik durmuşyny planly wagtyny hemişe özüni ösdürmek, adamlara peýda gazandyrmak üçin geçirýändir. Aslynda olar wagt geçirenoklar hakyky durmuşy ýaşaýanlardyr. Sen hem ýaşamak üçin oýanmaga wagtyň gelmedimi?!Ertiriň Fatyhlary kimlerdir?!
Şu taryha yz galdyran gahrymanlara bir serediň! Döwrüň kynçylyklaryna garamazdan isledikleri ýeňişi aldylar. Ýöne nähili?! Hiç bir agaç azapsyz miwe bermez. Beýik türkmen Seljuk döwletiniň solatany Alp Arslanyň goşuny Malazgirde mejbury gitmediler. Olar ýeňişe ynanyp, hemmesi bir ynançda söweşdiler. Eger Alp Arslan adaty serkerde bolsady bu ýeňişi almak ähtimallygy ýokdy. Ol döwrüň talaplaryna görä hereket etdi. Garşysyndaky goşunyň plany bilen duzaga düşürmegi başardy. Bu plany jahyl adamyň başarjak zady däl. Ýeri gelen-de ylym öwrendi, ýeri geldi ata münüp gylyç alyp goşuny bilen söweşdi. Geçmişde soltanyň ogullaryny ýörite atabeglere berip ýetişdirýärdiler. Türkmen geçmişinde diňe Alp Arslan däl birnäçe soltanlar öz täsir galdyryjy ýeňişlerini we başarnyklaryny taryha altyn harplar bilen ýazdylar. Olardan ýatdan çykmajak ýeňişi bilen tanalýan beýik Osmanly türkmen imperiýasynyň soltany Fatyh Soltan Mehmet. Ol 1432-nji ýylyň 30-njy martynda Edirnede dünýä indi. Kakasy Soltan Myrat II, ejesi Hüma Hatundyr. Ýaş wagtynda bilim almagyna we taýýarlanmagyna uly ähmiýet berlen Şazada Mehmet döwrüň iň görnükli alymlary tarapyndan bilim aldy. Heniz on bir ýaşyndaka dolandyryjylyk tejribesini almak üçin Manisa sanjakbegligine bellendi.
Filosofiýa, hadys, tafsir, fykh, kalam, taryh, geometriýa we matematika hünärlerini gowy derejede öwrenýärdi. 1444-nji Myrat II tagty 12 ýaşly ogly Mehmede tabşyryp, Manisa dolanýar. Ýöne Osmanly tagtyna kiçi ýaşda biriniň geçmegini eşiden Ýewropa ýurtlarynyň ýene bir gezek Osmanly topraklaryna tarap hereket etdiler. Şol sebäpden Myrat II 1446-njy ýylda täzeden tagta oglunyň buýrugy bilen geçýär.
“Atam, tagt seniň hakyň. Eger men Soltan bolýan bolsam, size buýurýaryn tagta geçiň!”-diýip atasyna ýüzlenipdir.
Mehmet II 1451-nji ýylda atasynyň ölüminden soňra 19 ýaşynda täzeden çykýar. Ol 1453-nji ýylda alyp bolmaz diýiliýän Konstantinopol häzirki Istanbuly 21 ýaşynda basyp almagy başardy. Söweş üçin özüniň proýektini çyzan dikligine ot açýan topy ulanyldy.
Duşmanyň pikir edip bilmejek hereketi etdi. Goşunyň gämisini gury ýerden geçirip, duşmandan bir ädim öňe saýlandy. Fatyh Soltan ýaşlygyna garamazdan şäheri aljak gününi hasap edip biljek derejede matematikany, 6 sany dili (arap, pars, grek, latyn, ibrani, slawik), Aýyň şol gün nireden dogjagyny hasaplap biljek derejede zehinli ýaş soltandy. Şäheri alandan soň häzirki Istanbul uniwersitetiniň düýbüni tutdy. Alymlardan öwrenmegi hiçwagt egsiltmedi. Olaryň birinden öwrenip beýlekisinden sorap olaryň ylym dawalaryna ýol açyp biljek derejede akyllydy.
Fatyhyň ýeňişi diňe Istanbuly almak däl. 1460-njy ýylda Moraýy, 1461-nji ýylda Trabzony, 1454-1457-nji ýyllarda Serb topraklary, 1477-nji ýylda Kyrym hanlygyny we Boşnak topraklaryny özüne aldy. Bulardan başga-da birnäçe ýeňişleri we adalatlygy bilen dünýä taryhynda yz galdyran bu beýik şahsyýet öz döwrüniň talaplaryna görä özüni taýynlady. Onuň belläp geçen sözleri nähili şahsyýetdigini subut etýär:
“Mümkin däliň çägi görmek üçin, mümkin däli barlap görmeli.”
“Biz topraklary däl, köňülleri feth etmäge gidýäris.”
“Bir şäherde iň möhüm üç zat: kanalizasýon, hammam we kitaphanadyr. Sebäbi kanalizasýon şäheriň hapasyny, hammam bedeniň hapasyny we kitaphanalar-da ruhuň hapasyny tämizleýär.”
Fatyh Soltan Mehmet döwrüň talaplaryna görä hereket edip durmuş diýlen oýuny gazanmagy başardy. Sen hem Fatyh ýaly taryha yz galdyrmak isleýän bolsaň, onda döwrüň düzgünlerine göre herekete başla! Köp okap, ylym alyp dünýä derejesine öz başarnyklaryňy subut et! Çünki döwrüň iň esasy synagy ylymdyr.
Bu maglumatlary näme üçin aýtýarka diýýänleriňiz bardyr. Biziň kimlerden bolanymyzy kimler bolup bilmek ähtimallygymyzy düşündirmek isledim. Hökman başga ýerden görelde almaga gahrymanlary gözlemek mejburynda däl. Serediň al-Horezmi algoritimiň düýbüni tutdy. Belki ol bolmadyk bolsa seniň eliňdäki mobiliň bolmazdy. Ýa-da Ibn Sina. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýerinde onuň kitaplary ulanylýar. Häzirki gahrymanlar bilimde, telekeçilikde täze ýol açan adamlardyr. Gündelik durmuşyny planly wagtyny hemişe özüni ösdürmek, adamlara peýda gazandyrmak üçin geçirýändir. Aslynda olar wagt geçirenoklar hakyky durmuşy ýaşaýanlardyr. Sen hem ýaşamak üçin oýanmaga wagtyň gelmedimi?!