Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Filosofiýada barlyk meselesi. Barlyk kriteriýalary

3 minut alar

Barlyk sözi, anyk düşündiriş bererden giň manyly söz. Ol düşünje, aňladylýan ýagdaýa görä giň hem-de dar manyda ulanylýar. 

Giň manyda barlyk bu - biziň daş-töweregimizi gurşap alýan OBÝEKTIW reallykdyr (ideal hem material barlyklaryň ählisi degişli).  

Dar manyda alynanda  bu - duýgu organlary bilen alynan maglumatlar esasynda aňymyzda peýda bolýan şöhlelenmedir (SUBÝEKTIW häsiýetli). 

Barlyk düşünjesiniň esasy kriteriýalary wagt, giňişlik we hereketdir. Eger bir jisim bar boljak bolsa, ol hökman hereket etmeli, giňişlikde orny bolmaly we ömrüniň dowamlylygy bolmaly. Hereket etmeýän zat bolup bilmez. Eger bir zat bar bolsa we hereketde bolsa, onda ol giňişlikde hökman bir orny eýelär. Bir ýerde bar bolan we hereket etýän zat, ornuny (häsiýetini) üýtgeder. Üýtgemesini bolsa wagt bilen häsiýetlendireris. Üýtgewsiz zat ýokdur, ýagny bar zat wagta garaşlydyr.  


Barlyk düşünjesiniň üstünde ilkinji gezek durup geçen, grek filosoflary Parmenid we Zenondyr (käbir maglumatlara görä, ilkinji Parmenid bu düşünje hakynda pikir ýöredipdir). PARMENID barlyk we ýokluk hakynda pikir ýöredip, şeýle netijä gelýär:  

- Biziň daş-töweregimizdäki ähli zat barlykdyr. Ýagny barlyk bar zat. Ýokluk bolsa barlygyň ýok ýerinde bolmaly... Daş töweregimizdäki ähli zadyň barlygyna görä, ýokluk diýen zat ýokdur. Diňe barlyk bar, ýokluk bolsa bolup hem bilmez;


Bu garaýşa göra, ähli zat bardyr. Ýok zat düýbünden ýokdur. Emma bu beýle däl. Barlygy düşündirmek üçin ýokluk, ýoklugy düşündirmek üçin bolsa barlygyň bolmagy zerurdyr. Aýdyňlaşdyrmak üçin mysala ýüz tutalyň:

Mugallym synpda sapak düşündirýär. Ol okuwçylar üçin bar. Bar bolsa, ol hereket edýän bolmaly (sapak düşündirýär, bu hem hereketdir) we giňişlikde (biziň ýagdaýymyzda bu synpyň özi) orny bolmaly. Wagt bolsa onuň hereketiniň we ornunuň üýtgeýşiniň hasabyny tutar. Eger-de mugallym otagdan koridora çyksa, okuwçylar üçin ýok bolar. Sebäbi mugallym indi okuwçylaryň bar bolan giňişliginde däl. Ýagny olar üçin ýok. Mugallymyň giden wagty, onuň ýerinde ýokluk döredi.  Mugallymyň ýerine, synpy ele almak üçin göreldeli okuwçy (synp serdary) okuwçylara görkezme bermäge başlady we mugallymyň wezipesini ýerine ýetirip başlady diýip hasap edeliň. Onda, täze barlyk emele geler, ýoklukdan barlyk dörär.Bu mysalda, aradan ýoklugy aýyrsak, biz okuwçynyň mugallym keşbinde bar boluşyny düşündirip bilmeris.

Bellik: düşünmek çylşyrymlyrak aslynda, ýöne bar zada giňişlik, hereket we wagt esasynda göz ýetirmäge çalyşsaň düşnükli bolýar. 


Barlyk taglymatynyň üstünde ARISTOTEL hem kän işläpdir. Ol barlygy obýektiw we ideal häsiýetde göz öňüne getiripdir. Onuň pikiriçe, bar bolan zadyň 

 - özeni, gurluş strukturasy

 - formasy (şekili)  

- bar bolmagynyň bir sebäbi  

- barlygynyň maksady

bolmalydyr. Muňa, filosofiýada barlyk kategoriýasy diýilýär.


Jemläp aýdylanda, barlyk, bu obýektiw we subýektiw häsiýetdedir. Bar bolmak üçin hökmak hereket, giňişlikde eýeleýän ornuň we bar boluş dowamlylygyň bolmaly. Islendik bar bolan zadyň hem gurluşynyň strukturasy, formasy, barlygynyň sebäbi we maksady bar.

149 |
|