Philologist
Emosional Aň -> Güýç (Karar bermek)
2 minut alar
Emosional Aň (Emotional Intelligence)
Emeli aň bilen köpler tanyş. Onda emosional añ näme?
Emosional aň özümiziň we başgalaryň duýgularyna düşünmek we dogry dolandyrmak, ugrukdyrmak, ulanmaklygy aňladýar.
Bu termini ilkinji gezek Peter Salawoy we Jon Maýer 1990-njy ýylda ulanyşa girizýärler. Emosional aňymyzy güýçlendirip biz iň başarnykly, üstünlikli, iň bagtly adam bolup bileris.
Onda geliň biraz güýçleneliň:
Garaýyş-1
KARAR BERME
Duýugaryňyzy dolandyryň, ýogsam ...
Wajyp kararlary bermeli däl ýerler bar.
1. Haçanda özüňizi iň erbet ýagdaýda duýýarkaňyz,
Siz "çuň çöketlikde".
Ähli zatlar tersine gidýär.
Siz bimaksat, näme etjegiňizi bileňzok.
Siz sustypes, gamgyn, depresiýada.
Aladaly.
...onda garaşyň, heniz karar bermäň, bu ýagdaý geçsin.
2. Haçanda özüňizi iň gowy ýagdaýda duýýarkaňyz,
siz "dagyň çür depesinde".
Ähli zatlar diýseň gowy gidip barýar.
Sizi hiç bir zat saklap bilmejek ýaly duýýarsyňyz.
Siz özüňizi ýeňlimez duýýarsyňyz.
Ýöne beýle däl... garaşyň.
Karary diňe "tekizlikde" - pikir-duýgularyňyzyň kadaly ýagdaýynda beriň.
3. Haçanda siz gaharlykaňyz,
ähli ýer duman.
Gözüňiz görmeýär.
Aňyňyz doňýar.
Karary berjek kişi eýýäm siz däl... güremäň, saklanyň.
Sessizlik iň gowy jogap.
"Çöketligiň" sizden üstün çykmasyna ýol bermäň, "belentlik" sizi aldamasyn, "duman" geçýänçä garaşyň.
Şu 3 ýerde berilen karar ökünje, puşmanlyga eltýär.
Bu duýgular zerarly köp göwne degilýär. Adam göwni gülden näzik.
Kiçijik zatlara gynanýan göwni, kiçijik zatlar hem begendirip bilýär. Bir ýylgyryş, bir ýagşylyk, bir kiçijik kömek bir adamyň ullakan düýäsini ütgedip, tutuş geljegine täsir edip bilýär.
Garaýyş-2
Indi... eger biz gamgyn, şadyýan we gararly adamyň garşysyndakylar bolsak, näme etmeli?
Beýle bolsa biz olaryň bu aşa gussaly, begençli, gazaply ýagdaýynda edýän-diýýänleri olaryň hakyky etmek we diýmek isleýän zatlary däldigine düşünjek bolmaly.
Olaryňky ýalňyş diýip däl, olaryňky hem dogry bolup biler diyip pikir edip başarmaly.
Paýlaşmagy başaralyň: şatlyklary esseläp köpeler ýaly, gussalary esseläp azalar ýaly.
Sessiz galmagy başaralyň: olaryň gaharly sözleriniň dogrylygy üçin däl-de, eýsem bu gaharly sözleri olaryň isläp aýtmaýandyklary üçin.
Iki sany tersleşen adamyň her birini diňlesek, her biriniň hem halky, dogry aýtyandygyna düşünip bolýar. Belki, sizem şeýle zada gabat gelensiňiz.
Gaharla gaýtargy bermesek, gamgyna özüni dürsemäge wagt bersek, şatlygy çyndan duýup bilsek şonda bolup biläýjek köp islemeýän zatlarymyzyň öňüni alarys.
Özüni alyp bilýäris. Bu bize bagly.
Bir hekaýa bardy, bir garyp adam bir yazgyny okaýar ".... ....." we ol ýerden begenip gidýär. Bir baý adam bolsa gelip ol ýazgyny okap gynanýar. Bu nädip beýle? Ol ýazgyda näme ýazylgy? Siziň ýadyňyza düşýandir?
Biraz emosional aňymyzy güýçlendirip bilendiris diýip umyt edýän