Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Düýşler sizi has bagtly edip biler

1 minut alar

Düýşlerini dolandyryp bilýän adamlar, muny nädip etmelidigini bilmeýän ýa-da asla ýatda saklap bilmeýänlerden has bagtly hasaplanýar. Geljekde boljak wakalar hakda uzak wagtlap şol bir düýş görýän adamlar, arzuwlaryny düýş edip bilmeýänlere garanyňda, arzuwlaryna ýetmek has ähtimaldyr. Bu ýerde üýtgeşik zat ýok: oňyn duýgulary duýanymyzda, hatda düýşümizde beýni öýjükleri has işjeň işläp başlaýar. Mundan başga-da, ýakymly düýşden soň, has rahatlanýarys we ýatmaga has ýykgyn edýäris.Çuňňur we rahat uky wagtynda beden we beýni köşeşýär we öň birnäçe gatyň aşagynda jaýlanan ýatlamalar ýüze çykýar. Şonuň üçin zerur maglumatlary ýatda saklamaga göreşýän bolsaňyz, ýatyň. Ýatýan yeriñizde ýeke bolsaňyz, otagda daşarky ses bolmasa, has gowudyr - bedeniňiz has çalt köşeşer we zerur ýatlamalar uly ähtimallyk bilen ýadyňyzda dikeldiler.

 Selbi BAÝRAMOWA

 TOHI-niñ Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ  Maglumat ulgamlary we tehnologýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrynyñ 2-nji ýyl talyby.

17 |