Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Writer

Monotonluk näme?

2 minut alar

Monotonlyk- bu türkmençä terjime edilende birmeňzeş diýen manyny berýär. 

Durmuşda monotonluk sözini köp eşitmesekde durmuşumyzyň köp bölegi monotondur. Mysal üçin köpimiz okuwçy, işçi ýa-da talyp biziň işe gitmegimiz ýa-da okuw gitmegimiz ilki başda gyzykly bolup biler. Emma soň soňlar ol içgysgynç hala gelmegi mümkin. Sebäbi ol inni şol bir zatlar gaýtalanyp başlanýar bu monotonlyk bolup durýar. Monotonluk adamyň ukysyny getirýär we beýni çuň we gysga wagtlaýyn uka gidýär. Muňa mysal bolup işi okuwy öýünden uzakda bolan adamlar awtobusly gidip gelýän bolsalar. Olar köplenç uklaýarlar. Munuň sebäbi olar köp gezek gatnaýanlygy üçin indi gyzykly bolup biljek zat ýoklugydyr bu bolsa monotonluk bolýar. 


Mundan başgada biri bilen söhbetdeş bolanymyzda ol sesini şol bir tondan gürlese onda siziň ukyňyz gelip başlar. Uniwersitetde leksiýa berýän mugallymlar hem muny bilýär we ses tonuny we sesiň gatylygyny üýtgedip gürlemäge üns berýärler. Sebabi monoton şekilde gürleseler onda diňleýjiler uklamaga başlarlar. 


Adamyň ýaşy ulaldygyça wagt çalt geçýän ýalydyr. Sizde hem bolanyr. Çaga wagtyňyz wagtyň geçiş tizligi bilen şu wagtky deň däldir. Mysal üçin men 1 we  2 nji synplarym örän köp wagtda geçdi emma 3-nji synpym beýle däl. Ulaldygymça synplar çalt geçýärdi. Hatda Uniwersitetde hem kurslaryň nädip çalt geçýäni bellidäl. Alymlar munuň sebäbini hem Monotonluk bilen düşindirýärler. Çagakak hergün başga zatlar öwrenýäris her gün edilýän zat birbirne meňzemeýär.

 Emma ulaldygymzça köp zady öwrenýäris hat-da garry bolanymyzda öwrenmäge köp zat galmaýar.(elbetde kitap we şm gutaranok welin durmuşa degişli hemme zady öwrenýaris). Şeýlelik bilen garrysak hemme zat monotonlaşýar. Ýeke gyzykly zat pensiýa garaşma bolup durýar. 


Meniň maslahatym durmuşda monotonlykdan gaçyň we hergüni üýtgeşik ýaşaň! Şeýdip durmuşyňyz uzyn we gyzykly geçer.

38 |
|