Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Dürli ýurtlarda okadylýan adaty bolmadyk dersler.

2 minut alar

  Adatça,  okuwçylar matematika, himiýa, fizika, edebiýat we beýleki dersleri öwrenmek üçin öz mekdeplerine gatnayarlar... Şeýle-de bolsa, käbir mekdeplerde adaty derslerden başga-da, hökmany okuw meýilnamasy okuwçylarymyzda haýran galdyryjy we joşgun döredýän ajaýyp dersleri hem öz içine alýar. 

  Ýaponýa: Ýaponiýanyň birnäçe mekdeplerinde "Tebigatdan lezzet almak" atly ajaýyp ders bar. Maksady okuwçylara daşky gurşawyň gözelligine baha bermegi öwretmek, sebäbi häzirki zaman çagalary, global kompýuterleşdirme sebäpli tebigata üns bermeýärler. Sapagyň dowamynda okuwçylar ösümlik we haýwanat dünýäsiniň arabaglanyşygy barada öwrenerler. Bu okuwlar mugallymlar tarapyndan bahalandyrylýar, hatda ýylyň ahyrynda synaglar hem bolýar.  Başkiristan: Ýüzlerçe mekdebiň öz arylary bar. Aryçylyk sapaklarynda çagalara ary ösdürip ýetişdirmek, bal ýygnamak we başgalar öwredilýär. Hakykatdan hem Başkiristan  bal öndürmekde öňdebaryjy ýurtlardan biridir. Bu hünäri ýitirmezlik üçin mekdeplerde şeýle ajaýyp mowzuk açylýar.  

  Germaniýa: Bu adaty bolmadyk ders Germaniýanyň ähli mekdeplerinde okadylmaýar, ýöne Geydelbergdäki bir mekdepde mekdebiň müdiriniň özi bu sapagy öwredýär. Okuwçylaryň esasy wezipesi özleri bilen sazlaşykly ýaşamak, ýüreklerini diňlemek we diňe bagtly bolmak. Bu ugurda synag ýok, ýöne ýylyň ahyrynda her bir okuwçy öz taslamasyny durmuşa geçirmeli: "ýagşylyk" hakda wideo taýýarlamaly ýa-da haýyr-sahawat işine gatnaşmaly.

  Ermenistan: Hökümet ýaş nesliň öz ýurdunyň däp-dessurlaryny ýatdan çykarmazlygy üçin ähli çäreleri görýär. Şol sebäpli mekdeplerde ýörite kurs - milli tanslar girizildi. Talyplara diňe bir koreografiýa däl, eýsem milli tansyň taryhy hem öwredilýär. Bu klasa gatnaşmazlyk mümkin däl: okuwçylar ýylyň ahyrynda synag tabşyrarlar. Eger okuwçy bu dersde kanagatlanarly baha almasa, ikinji ýyl şol bir synpda galar.  

 Russiýa: Birnäçe rus mekdepleri "Maliýe sowatlylygy" atly gyzykly temany hödürlediler. Sapaklar çagalara paýhasly pul harçlamagy we maşgala býudjetini meýilleşdirmegi öwredýär. Şeýle hem sapaklar size maliýe aldawlarynyň pidasy bolmazlygyñ ýollaryny öwredýär. Sapak üçin materiallar Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrliginiň taslamasynyň çäginde işlenip düzülýär.  

 Çagalar elmydama sapaklary taşlamaýarlar. Dersler gyzykly bolsa, yhlas bilen öwrenerler.

Merjen ATAÝEWA

 TOHI-niñ Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ  Maglumat ulgamlary we tehnologýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrynyñ 2-nji ýyl talyby.

12 |