Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Dünýäniň ýedi täsinligi.

2 minut alar

 

Medeniýet hakynda söz açylanda,ynsanyň döreden ajaýyp,nepis medeni gymmatlyklary we olaryň aýry-aýry görnüşleri barada-da gürrüň etmek zerurdyr. Medeniýetiň taryhynda "Dünýäniň ýedi täsinligi" diýen düşünje saklanyp galypdyr. Dünýäniň ýedi täsinliginiň esasy aýratynlygynyň biri hem olaryň baryp gadymy zamanlarda döredilmegidir.

Ýogsa-da dünýäniň ýedi täsinligi diýlende,nämeler göz öňünde tutulýar. Olar haçan,nirede,kim tarapyndan döredildika? Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1.Heopsyň piramidasy.Bu ajaýyp ýadygärlik Müsürde (Gizada) gurlan iň gadymy we iň uly piramidaň biridir.Bina miladydan öňki 2540-njy ýylda Müsüriň faraony Heops tarapyndan gurdurylypdyr.Piramidaň beýikligi 146.7metre barabar.

2.Semiremidanyň asma baglary. Rowaýatlara görä Wawilonyň asma baglary be öň 605-nji ýylda Wawilony 43 ýyl dolandyran Nebukadnesar tarapyndan döredilipdir.Nebukadnesar bu agajy Mesopotamiýanyň yssy we tekiz gurşawyndan ruhdan düşen aýaly Semiramida üçin ekdiripdir.Bu agaç şu güne çenli gelip ýetip bilmedi.Emma gadymy dünýäniň 7 täsinliginiň biri bolan Wawilonyň asma baglary taryhda hekaýalaryň, filmleriň we kitaplaryň uly mowzugy boldy.

3.Zewsiň Gresiýanyň Olimp şäherinde goýlan heýkeli.Ajayyp heýkel miladydan öňki 435-nji ýylda heýkeltaraş Fidiý tarapyndan ýasaldy.Heýkel altyn we pil süňkünden ýasaldy.  Zewsiň oturan tagty heýkeliň özüne garanyňda has täsirli bolupdyr, sebäbi ol agaçdan ýasalan we altyn, pil süňkünden we gymmat bahaly daşlardan ýasalan bezegler bilen bezelipdir.  "Dünýäniň ýedi täsinliginiň" biri hasaplanýan heýkel Afinynyň tanymal adamlary tarapyndan täze döredilen Konstantinopola geçirildi we 462-nji ýylda uly ýangynda weýran boldy.

4.Artemidanyň miladydan öňki 550-nji ýylda Kiçi Aziýanyň Efes şäherinde gurlan ybadathanasy.Ybadathana düýbünden mermerden gurlupdyr.  Häzirki wagtda dünýäniň ýedi täsinliginiň biri hasaplanýan ybadathanadan diňe mermer bölekleri galypdy. 

5.Galikarnis aramgähi.Kairiň patyşasy Mavsol (b.e.oñki 377-353) tarapyndan heniz dirika öz guburhanasyny gurduryp başlayar.Bu aramgäh Pifey we Sateý atly grek gurluşykçylary tarapyndan bina edilýär. Gurluşyk Mawsolyň agtygynyň dowründe tamamlanyar.

6.Gresiýanyň Rodos adasynda gurlan sütün.Ol miladydan öňki 292-280-nji ýyllar aralgynda binagär Hares tarapyndan gurlupdyr. Sütün 654-nji ýylda sökülip aýrylypdyr.

7.Aleksandriya maýagy.Bu täsin ýadygärlik Müsüriň Aleksandriýa şäherinde guruldy.Dünýäniň ýedi täsinliginiň biri we gurlan iň beýik maýaklaryň biridir. Bu desga III asyrda gurlyp,XIV asyrda ýer titreme sebäpli ýykyldy

 

1160 |