Mugallym (talyp)
Dünýägaraýyş barada... Dünýägaraýyş diýlip nämä aýdylýar?
2 minut alar
Dünýagaraýyş, sada dilde aýdylanda - bu adamyň dünýä baradaky garaýşynyň, ynanjynyň we ygtykatlarynyň, dünýäde tutýan orny hakyndaky pikirleriniň jemi bolup durýar. Her adam dünýä özüçe akyl ýetirmäge çalyşýar. Şonuň üçin hem her bir indiwidumyň aýratyn dünýägaraýşy bolýar. Oňa hormat goýmaklyk bolsa adamzat ahlagynyň ýokary formalaryndan biridir.
Filosofiýa bilen dünýägaraýyş öz aralarynda jebis baglanşykdadyrlar, sebäbi filosofiýanyň obýekti dünýädir. Dünýägaraýyş bolsa dünýäni suratlandyrýan beýandyr. Diýmek, filosofiýa birnäçe dünýägaraýyşlary seçgiden geçirip, akyl ýetirişiň ýokary formalaryny bize getirip gowşurýar diýsek ýerlikli bolar. Şu nukdaýnazardan seredilende, olar bir-biri bilen aýrylmaz baglanşykdadyrlar.
Adamzadyň emele gelen döwründen şu günki günlerimize çenli dünýägaraýyş 3 formany başdan geçirýär. Olar:
- Mifologiki dünýägaraýyş;
- Dini dünýägaraýyş;
- Ylmy-çeper (filosofiki) dünýägaraýyş.
Dünýägaraýşyň her görnüşiniň özüne mahsus aýratynlygy bar. Olar biziň günlerimizde hem jemgiýetde öz yzyny ýöredýärler. Halkyň aňyndaky düşünjeleriň ählisi öz gözbaşyny dünýagaraýşyň ýokardaky 3 görnüşinden alyp gaýdýar. Indiki postlarda olaryň hersi barada aýratyn makalalar bolar (eger isleseňiz).
Mifologiki dünýägaraýyş -"μύθος (mythos)" diýen grek sözünden gelip çykyp "rowaýat, mif" diýen manyny berýär. Dünýägaraýşyň bu formasy öz gözbaşyny ilkidurmuş obşinasy döwründen alyp gaýdýar. Ol döwrüň adamlary tebigy hadysalary stihiýalaýyn (tebigatyň esasyny düzýän güýçler) düşündirmäge çalşypdyrlar. Olar her bir stihiýany dolandyrýan "uly güýç" bar diýip düşünipdirler we "uly güyjüň" gelip çykyşyny rowaýatlar hem-de mifler arkaly düşündiripdirler. Bu dünýagaraýyş Aziýa döwletlerinde, Afirkada, Latyn Amerikasynda häli-şindi hem öz barlygyny ýöredýär. Dünýägaraýşyň bu görnüşiniň esasy aýratynlygy:
- Köphudaýlylyk, ýagny her bir hadysany dolandyrýan aýratyn Hudaýyň bolmagy.
- Köpdünýälilik, bu dünýe we o dünýeden başga dünýäleriň bolmagy (meselem, 7 gat asman...)
- Antropomorfizm, ýagny adama meňzeşlik ( antropos - adam ). Hudaýlary adam keşbinde göz öňüne getirmek.
Hormatlamak bilen: ylmy.goldaw