Teswirler (9)

Ýüklenýär...

#2. C++ programmirleme diliniň sintaksisyna giriş (using namespace std, int main(), #include)

2 minut alar

Hemmäňize salam. Bu makalada С++ programmirleme diliniň sintaksisi bilen kiçiräjik tanyşlyk geçiler.

Makalany okap başlamakdan öň "#1. C++ programmirleme dilini ulanyp, öz ilkinji programmaňyzy düzüň" makalany okamany maslahat berýän, çünki şu makala şol makalanyň dowamy. 

C++ dilinde ýazylan kodlama seredip göreliň:

#include <iostream>
using namespace std;
int main()
{
    cout<<"Salam!";
}

1-nji kodlama

Şu kodlamada indi her setiri bir-birdan seredip göreliň.


 #include <iostream>

Berilen kodlama C++ programmirleme dilinde “iostream” kitaphanany birikdirýär, bu kitaphananyň düzüminde bolsa konsol penjiresi üçin giriş we çykyş maglumatlaryny işletýän funksiýalar ýerleşdirilen.


 using namespace std;

Bu setir standart funksiýalaryň ulanmasynda kody gysgaltmana mümkinçilik berýär. Ýagny her gezek funksiýanyň öňünde “std” ýazmak zerurlygy aýrylýar.

Meselem 1-nji kodlamadausing namespace std” ulanylmadyk bolan bolsa, onda her funksiýanyň öňünde “std” diýip ýazmaly bolardyk:

#include <iostream>
int main()
{
    std:: cout<<"Salam!";
}

2-nji kodlama

Onda bu diýmek “using namespace std” setir biziň kodlamamyzy ýeňilleşdirýär we has düşnükli görkezýär.


int main()

Bu C++ programmirleme dilindäki esasy funksiýa bolup durýar, sebäbi “C++”-da ýazylan kodlamany işledeňde ilkinji şu funksiýa işläp başlaýar. Munuň düzüminde esasy kod ýerleşdirilýär we netijede bütin sany gaýtaryp berýär.


cout<<"Salam!";

cout” funksiýasy konsolda maglumatlary çap etýän funksiýa (şu ýerde “Salam!” diýip çap ediler). Bu funksiýa “iostream” kitaphana degişli funksiýa bolup durýar.


Umuman, C++ öwrenýänler üçin şu makala düşnüksiz we gorkunç bolmagy mümkin. Ýöne bärde gorkar ýaly zat ýok, tejribäniň dowamynda hemme aýdylanlara düşünüp gitýäňiz. Bu makalanyň esasy maksady C++ dili ýaňy-ýaňy öwrenip başlanlarda “Bu setir näme edýär? Ol setir näme edýär? Şu setiri ýazmasam näme bolar?” ýaly gyzyklandyrýan soraglara jogap bermek üçin ýazyldy.

Şu makalada ýazylan kodlary özüňiz C++ programmasynda açyp işläp görüp tejribe almagyňyzy maslahat berýän we netijede şu makalada aýdylanlar has hem düşnükli bolar. 

Makalanyň dowamy şu ýerde

152 |