Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Begenjimiň çägi ýok…

3 minut alar

  Bolan waka. Waka diýsem geňirägem eşdiläýer öýüdýän. Gepiň gysgasy, okuw wagty agşamlary kitaphanadan gelip halys ýadap öýe zor ýeterdim…Ýöne welin özüme kiçijek ýetmeli maksatlar edinemsoň otagyma giren badyma diwardaky suratdyr hatlary görüp ýadowlygym aýrylypjyk gidýärdi. Şol kiçi maksatlarymdan biri hem diwarymdaky asylgy duran “ 30min Kitap” okamaly ýazgydy. Sebäbi iki sözi zordan birleşdirerdim. Bir gün öýdäki gyzlara hem şeýle teklip etdim:

 

- “geliň üýşüp 30mintjik kitap okalyň, soňam okan setirlerimizden bir bölek gürrüňdeşlik edeliň ”…

  Ýöne kitap okamana hallary ýokdy, ýüzlerden ýadawlyk süzülip barýardy…diňe gyzlar däl eýsem maňa hem uky basyp agyr gelýärdi! Soň ol ýüzleri görüp höwäs ýoklygyny aňyp ýüzüm gyzarypjyk otagyma geçerdim. Otagyma “ 30min Kitap” diýip ýazgynyň ýanyna “I Can and İ Believe Myself” diýip ullakaan harplar bilen bellik edip diwaryma asyp goýupdym. Günler ötüp barýar we otagyma gyzlardan biri gelip nämeler edýänimi synlap hal hatrymy sorap gidýärdi.

  Dünýä belli bolan virus(COVID-19) hemme ýurtlar diýmesek hem köp ýurtlara erbet täsir etdi. Şeýlelik bilen bize hem okuwlar ýatyrylyp, online sapaklara geçildi. Günümiz öňküden has beter boş wagtymyz köp bolmana başlapdy. Birdenkä: ýaňky diwardaky ýazgyny “ 30min kitap” däl-de bir sagada üýtgetdim. Ýaňkyja gyz ýene otagyma gelip “näme okaýaň bu gezek” diýip üznüksiz sorag baryny ýagdyrardy. Okan kitaplarymyň adyny aydyp, täsire goýan ýerlerden gysgajyk gürrüň beripdim. Kitaplaryma şeýlebir aşyk….(howa bilýän erbet gylyk birzada bagly galmak). Kitaplarymy bermäne gysganardym(hazir hem azajyk:D), ýöne ýaňky gyza, elimde hem iňlisçe hemde türkçe bolan “Küçük Prens” kitaby sowgat etdim. Şeýlebir begendi ganaty bolsa uçaýjak ýalydy. Belki başdan bersedim irräk herekete geçdigim bolardy! Arasynda şeýlebir kör ýagdaýa duçar bolýan welin, ýere giresim gelip gidýär.

  Soň ol kitaby okap maňa gürrüň beripdi. Nähili duýgular başdan geçirenini ýekeme-ýeke gürrüň beripdi. Kitaphanama gözümi dikdim welin bitertipje durdy emma

- hanha şol kitaphana görýäňmi?Seňki, gidýänçäm okap ýetiş!

- Minnetdar! diýip

owadan ýylgyrşy bilen ýüzüme syrtardy. Aýlar geçdi eýýäm okan kitaplarymyň ýarysyndan gowragyny okap dynypdy. Tazeden kiçijek kitaphanama göz gezdirip, okan kitaplarymy gutudan çykaryp kitaphanama ýerleşdirdim. Soň ol gyz:

- Menem seň bilen bir wagtda okajak….diýdi welin

 içimdäki harasat ýok bolup gül açylan ýaly boldum…gözlerim dolup gitdi.   Geçenlerde hem gizlinjek öýden çykyp kitap satylýan ýere gidipdir. Arzan kitap satyn aljak bolanda orta ýaşly daýy (40diýipdi), ýaňky gyzyň kitap saýlap durşuny görüp begenipdirde “ gyzym sen isläniňi al, menden saňa kitap sowgat bolsun ” diyipdir welin bu gyz öýe nädip gelenini bilmän, gelşine otagyma girip begenjini dökdi. Elbette ýönekeýje we kiçijek waka, ýöne welin meni şeýle bagtly etdi. Beýle yönekeyje çözgüt begendirer diýip çaklamaýardymam…

  Bu begenjimi Berdinazar Hudaýnazarow has gowy taryplapdyr .

 Şeýle diýýärdi: Türkmenlerde «Atyň barka ýol gazan, ataň barka dost gazan» diýen nakyl bardyr. Kitap hakda oýlananymda şu nakyl mydama ýada düşýär. Kitap bilen dostlaşan adamyň ruhy garyp bolup bilmez. Ol özüni bagtly hem-de baý adam hasaplamaga haklydyr. Adamyň mahal-mahal haly teň bolýan pursatlary bolýar. Şonda söwer dostuň ýanyňa geläýse, göwnüň gülleýär. Şol dostuň roluny akylly kitap hem ýerine ýetirip bilýär. Häzirki zaman durmuşynda ýol gazanmagyň kynlygy ýok.

  Ýöne bir fakta welin üns beriň: Ýuriý Gagarin kosmosa uçanda ýany bilen söýgüli kitaplaryny alandygyny aýdypdy. Näme üçin başga zat däl-de ala-böle kitap? Sebäbi, kitap adam durmuşynyň iň haý-haýly pursatlarynda oňa güýç berýär, ruh berýär! Kitapsyz durmuşy göz öňüne getirmek kyn. Juda kyn.

35 |