Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym, manager

Bagtly bolmak islemeýän okamasyn!

4 minut alar

Konfor zolagy (comfort zone) diýip eşitdiňizmi. Eger eşitmedik bolsaňyz aşakdaky adresden psiholigiýa dersinden taýýarladygym referat okap bilirsiňiz.

https://www.academia.edu/50901815/Konfor_zolagyndan_%C3%A7ykmak_we_onu%C5%88_psihiki_%C3%A4hmi%C3%BDeti_M_Ba%C3%BDramow

Aslynda türkmen dilindäki terjimesini bilemok. Has dogrysy psihologiýadan mugallym hem näme diýjegini bilmedigi üçin terjimesini aslynda goýmagy makul bilipdim. 

Makalaň temasy bilen konfor zolagynyň baglanşygyna gelenemizde, häzir bilýänsiňiz ýokary okuwjaý giriş synaglarynyň geçýän döwürleri. Kimileri netijelerini alandyrlar, kimileri bolsa indi almalydyr. Netijesi näme bolsa-da gazanmak isleýän okasyn bu makalany.

Ilki bilen synagyň netijesi otrisatel ýagny siziň diliňizde ýykylanlar üçin belläp geçeliň.

Siz bu durmuşy bir futbol meýdança ýa-da ylgaw aýlawy ýaly pikir ediň. Eger siz büdüräp ýykylsaňyz wagt gutarmadyk pursadynda ýatan ýeriňizde ýagny konfor zolagynda galamaga karar bererdiňizmi? “Ýok. Entäk eminiň soňky tüýdük sesini çalmagyna wagt bar” diýýän bolsaňyz tizden aýaga galyň we indiki hüjümlere taýýar boluň. Netijede ösüş zolagyna girip bilersiňiz. Ýöne ýykylan ýagdaýyňyzdan ders çykarmagy unutmaň. “Ýok. Elmydama başgalara görä meniň synag netijelerim pes.” diýýän bolsaňyz, hiçkim bäş ýyldyz 10 nomerli däldir. Pikiriňizdäki kişiniň ilki başarnyklaryny soňra başarmadyklaryny bir kagyza ýazyň, soňra özüňiziň başaryp-başarmadyklaryňyzy ýazyň netijede hökman sizde bolup onda bolmaýan ýa-da tersi onda bolup sizde bolmaýan ýagdaýlary taparsyňyz. 

Okuwçy wagtym içimgysanda ylham aldygym synyplaryň gapysynda käbir diwar suratlary bardy. Olaryň biri ABŞ-nyň 16-njy prezidenti Abraham Linkolnyň durmuşy baradaky ylham beriji biografiýasydy. Ol ýerde Abraham Linkolnyň prezidentlige saýlanmazlygynydan öňünden ilki bilen maşgala ýagdaýynyň gowy bolmadygyny, ilkibaşda uniwersitete girip bilmedigi, käbir işlerde batdygy, saýlawlarda gazanmadygy we iň soňunda 1861-nji ýylda prezidentlige saýlanar. We bellemeli zat gulçulygy ýatyran prezident hasaplanýar. Taryha yz galdyran beýik şahsyýetlerden biri hasaplanýar. Biografiýany şu saýtdan okap bilersiňiz:

http://www.abrahamlincolnonline.org/lincoln/education/failures.htm

Talyp ýa-da täzelikde talyp dostlar size gelen-de bolsa, eger siz synagdan geçen günüňizden soň hemme zat gutardy, indi akymyň ugrunda 4-5 ýyly geçirip soňra diplomy isledigim işde aýda plança manat alyp ahyrynda pensiýa çykyp durmuşy rahatlykda geçirerin diýýän bolsaňyz onda siz ýalňyşýaňyz. Size berlen arassa bäş ýyly we onuň saýasynda gelejegiňizi hem konforma zolaga saldyňyz bolar. Size rahat gelse-de durmuşyňyzy bir sahypalyk manyly buýsanyp biljek wakaňyz bolmaýar bu gidişde. Ýöne siz islemeseňizde başlarda daş-töwregiňizden konforma salmak isleýänler bolar. Meselem “5 ýyly gaýrat et onsaň gaty kagyz eliňde, islendik ýerde iş taparsyň”. Pikir etmezler belki masterlik üçin ýene okamak islär ýa-da başga ugura çalyşmak islär. Käbir ýurtlarda giriş synagsyz kabul edilýär. Sebäbi netijäni gaty kagyz däl bilimi çözýärdi. Iş başarýanlar üçin berilýär. 

Size bir bolan wakany aýdyp bereýin. Bir oglan öz ýakyn dosty bilen uniwesitet giriş synagyny tabşyrmak üçin girmeli wagtyna garşýar. Synaga edil özi girjek ýaly dosty hem ýanynda umyt berýärdi. Ahyry wagt gelen-de synagy geçýär. Bilýänsiňiz synaglar haçan gutarjagy belli bolmaz. Hatda soňky synaglaryň netijleri gije wagtynda belli bolýar. Üç sany synag bar olaryň hemmesinde hem dosty oňa goldaw boldy. Oglan uniwersitet gazanmakdan başga hem uly hazynasynyň bardygyna düşündi. Okuwlar başlady birinji derse girildi. Oglan içinden täze okuwda öwrenmediklerini geçmek umydy bilen sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Mugallym ilki talyplar bilen tanyşdy we soňra hökman herkimde ders kitabynyň bolmagyny duýdurdy. Soňra herkimden köpeltmek tablisasyny sorap başlady. Hany başlangynç mekdepde öwredilýärdi. Oglan geň galdy ýöne bilmeýänler hem çykdy. Sapagyň soňunda talyplaryň biri mugallymdan “Mugallym, biz soňunda başga işde hem işläp bilýärismi?” diýip sorady. Bu ýerde “başga iş” diýip hýnärinden daşyndaky uly wezipeleri hasap edipdi. Mugalymyň jogaby bileniň üçin gelensiň diýen manyda boldy. Bu dersde gelen iki sorag hem oglany konform zolaga salypdy. Çünki hemmeler öz ugrunyň hünärmeni bolmak üçin gelendir pikirindedi. Emma öňki dosty konforma düşmekden görelde, umyt bolup halas edipdi. Ahyry synag gününde esasy gazanany ýeketäk dostydygyna düşündi. Bu ýerde size aýtmak isledigim asyl ýeňiş görünmeýänidir. 

Sizi ýykmak, ýaşamakdan yzda galdyrmak isleýän daşardan gelýän wiruslardan (başgalaryň haýwan ýaly gaýtalanýan wagty geçirmek düşünjelerinden) daşda durup, arassa kislorod (planly peýdaly işleri öwrenmek, durmuşa geçirmek isleýänleriň pikirleri) bilen dem almaga synanyşmagyň adydyr hakyky hazyna. Halypamyň şeýle sözi bardy “Peýdaly iş etmek ybadatdyr”.

Bu sözi ýatladygym-da wagty biderek ýere sowmazlyga synanyşýan. Olaryň biri hem şu makala. Belki hemmämiz üçin bir alarm bolar. Konformdan daşda ösüşde galyň! 

Halan bolsaňyz paýlaşmagy we pikiriňizi ýazmagy unutmaň!

29 |