Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Aşgabadyñ -taryhy

1 minut alar

  Aşgabadyň taryhy ýüzýyllyklaryň jümüşine gidýär we gönüden-göni türkmen halkynyň taryhy bilen baglanyşyklydyr.

  Aşgabadyň has giňden ýaýran adynyň biri “aşyklar şäheridir”. Türkmen dilindäki “yşk” sözi “söýgi”, “yhlas” we “höwes” diýmegi aňladýar. “Abad” “abadanlaşdyrylan, hemme zady ýerbe-ýer”, “ilat ýaşaýan” diýmegi aňladýar.

  Aşgabadyň döremegi (ýagny onuň häzirki ýerleşen ýerinde – Kesearkaç düzlüginde hut şeýle atly şäheriň emele gelmegi) has takyk derejede azyndan XVIII-XIX asyrlaryň çäginde, haçanda Günorta Türkmenistanda uzaga çeken syýasy krizisden we çuň ykdysady pese düşmeden soň, şäher görnüşli ilatly ýerleriň we kiçi şäherleriň döremegi we ösmegi üçin şertleriň dörän döwri bilen baglanyşdyrylýar. Olara Abiwerd, Änew, Nusaý, Durun, Gyzylarbat (häzirki Serdar), Mehin we beýlekiler degişlidir. Aşgabat hem edil şolar ýaly ilatly ýer bolupdyr. Onuň XIX asyrdaky topogarafiýasy barada hiç zat saklanyp galmandyr, diňe döwürdeşleriniň az sanly ýazgylarynyň şaýatlyk etmegi boýunça netije çykarylýar. Olaryň has irkileri 1811-nji ýyla degişlidir.Syýahatçy I.I.Stebniskiýniň belleýşi ýaly, 1871-nji ýylda Ashabad (soňra şeýle atlandyrylyp başlaýarlar) şäheri Hywa we Parfiýa bilen söwda işlerini alyp barypdyr. Onda ýaşaýanlar gallaçylyk we bagbançylyk bilen meşgullanypdyr, onda berkitmeler hem bolupdyr. Stebniskiý Ashabadda we onuň töwereginde dört müňe golaý öý sanapdyr, bu ol ýerde 16-20 müň adam ýaşap biler diýip çaklamaga esas berýär. 

 BAÝRAMOW Şageldi

TOHI-niñ Gidromeliorasýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniñ Gidromeliorasiýa hünäriniñ 1-ýyl talyby.

41 |