Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Aklyñ mehanizmasy bolan beýin hemme kişä “mugt” berilýär.

2 minut alar

 

  Beýniniñ 70–80%-i suwdyr. Galan 10%-i ýag, 8%-i bolsa belokdyr. Iýýän-içýän zatlarymyz beýnidäki dokumamyza ýagny ‘‘infrastruktura’’ ruhy ýagdaýymyza we düşünjelerimize täsir edýär. Beýni marmelat ýaly ýumşakdyr. Şonuñ üçin beýnimizi seresap ulanmalydyrys. Eger beýnimiz kelle süñkjagazyna (kortex) degse beýnimize zeper ýeter. Futbol topuny kelle bilen urmak hem adama zeper ýetirip bilýär, diñe bir futbol sporty bolman eýsem boksdyr-göreşde hem dykkatly bolmalydyr.

  Täze doglan bäbekleriñ beýniniň agramy 350–400gr. bolsa ýetginjekleriñki 1,4–2kg. agyrlykdadyr. Beýnimiz iki eliň ýumrugy ýaly, emma birleşen halynda hoza meñzeş. Ululygy bolsa greýpfrut miwesi ýalydyr. Beýnimiz dört burç däl-de tegelek şekildedir. Ispanýaly suratkeş Pijabiýa görä ‘‘Beýnimiz, dünýagaraýşymyz giñelsin, täze pikirlere açyk bolsun diýen esas üçin tegelekdir ’’diýip, aýdyp geçýär.

Nerw öýjüginiň (neuron) anatomiýasy

  Bir nerw öýjüginde Akson, Dendirit ve öýjük göwresi bardyr. Bu öýjük beýnide azyndan 50-ä golaý bardyr we biri-birleri bilen baglanşyklydyr. Dendirit grekçe “agajyñ baldagy” manysyna geler. Öýjük göwresi öýjügiñ merkezindedir. Her öýjügiñ bir Aksony bardyr. Aksonyñ ujunda Dendirida meñzeş baldaklar baglydyr.

  Bir nerw öýjügine gysgaça elimizi hem mysal berip bileris. Barmaklarymyzy Dendirit diýip hasaplasak, aýamyzyñ merkezi öýjük göwresi, elimizden tirsege çenli bolsa hem Aksondyr.

nerw öýjüginiň anatomiýasy

Pikirlerimiz beýnimizde himiki maddalaryň akuwy halyndamy ýogsam elektrik akuwy halynda hereket edýär?

  Bilim adamlary häzirki wagtda pikirleriñ, smsleriñ beýnimizde kähalat elektrik akuwy bilen, kähalatda bolsa himiki maddalar halynda hereket ederler diýip belläp geçýär. Sms bir nerw öýjüginiň içinde elektrik akuwy halynda dowam eder, başga nerw öýjügi-de oňa sms ugratmak üçin himiki maddalara öwürler. Bu himiki maddalary fax ulgamy ýaly, olara gysgaça “transmitter” diýilýär.

Transmitter habarlaşmak ulgamy

Geljekde ýatkeşligimizi nähili giňeldip bileris?

  • Ilki bilen başda belläp geçişim ýaly adamyñ iýýän-içýän zatlary möhümdir. Beýnimiziñ kuwwatlanmagy üçin bal we hoz garyndysyny her gün säher bilen bir nahar çemçesi mukdarda iýilse beýnimiziñ güýçlenmesine peýdaly bolar. Hozda has köp omega-3 maddasy bardyr.
  • Geljekde ýatkeşligimizi ulaltmak islesek hökmany ýagdaýda her kim bir maksat edinmelidir.
    Matematiki, Sudoku ýaly soraglary günlük çözmegi ahmal etmeli daldir.
    Adamlaryň berhiz tutuşy ýaly beýnimiz üçin berhiz hem möhümdir. Hepdede 1 gezek bolsa hem özümize wagt aýyrmaly, beýnimizi öz halyna goýmalydyrys. Düşünjelerden, edýän maşklarymyzdan, az hem bolsa bir günlük uzakda durmany başarmalydyrys.
  • Has köp ýatýan adamyñ beýnisindäki nerw sistemasy (ulgamy) has köp dynç alýandyr. Täze düşünjelere ýol açýar. Gowy bir uky beýni işletmek üçin hökmandyr. Dünýä belli fizik alym köp ýatyp, köp oýlanýan Eýnşteýn 1 günde 10 sagatdan köp ýatýan eken. Ukusyzlyk beýniň öýüjikleri öldürer diýip belläp geçýär.
  • Arassa tebigatda täze pikirleri, düşünjeleri pikirlenmek möhümdir.
255 |