Gir

Post

"Aç gapyny keýwany, nesip edenden äriňdirin" 😁 munuň awtory kimkä?

2 jogap

Üstesine-de paýtuny wagtynda çykaryp bolmansoň ýasawullar gazaba münüp, "Alyň aryny Ahmetden çykarypdyrlar-da", arasynda o bendäni gamçy bilen mazaly saýgylapdyrlaram. Onsoň şo halda ölümiň öýünde daňdan özüni işigine atan bende gapysyny kakypmyş welin, aýalynyň sesi gelýärmiş: -Kimsiň? -Aç gapyny, keýwany, nesip edenden äriňdirin 😁😁😁.

Awtory: Halk (Ha:lk dä 😁). Bir bende agşam lüti süýnüp meýdandan öýüne gelipdir. Aýalyna ýüzlenipdir: -Keýwany, hany näme naharyň bolsa al, iýeli. -Kakasy, "nesip edenden" diýeweri. -Häý sammyk heleý! Ine şumat öňüme nahary aljak bolup dursuň. Daşary garaňky. Men öýde. Onsoň öz törümde, öz saçagymyň başynda, öz owkadym maňa nesip etmän näme bolsun? Şo nahar-a nesip etse-de iýeris, etmese-de,-diýip äri gaharlanypdyr. Şol pille-de hut onuň şu sözüne garaşyp duran dek, gapy kakylypdyr. Açsalar, hanyň ýasawullary. Ýaňky bendäni öňlerine salyp äkidipdirler. Nämemiş, guşbegiň paýtuny batga batypmyş, şony çykaryşmalymyş. Onsoň ýaňky bende ýagşyň aşagynda, uzakly gije üşäp, ezilip, özem aç, ýadaw, palçyga bulaşyp paýtun çykaryşypdyr.