Post
4 jogap
Awtory: Halk (Ha:lk dä 😁). Bir bende agşam lüti süýnüp meýdandan öýüne gelipdir. Aýalyna ýüzlenipdir: -Keýwany, hany näme naharyň bolsa al, iýeli. -Kakasy, "nesip edenden" diýeweri. -Häý sammyk heleý! Ine şumat öňüme nahary aljak bolup dursuň. Daşary garaňky. Men öýde. Onsoň öz törümde, öz saçagymyň başynda, öz owkadym maňa nesip etmän näme bolsun? Şo nahar-a nesip etse-de iýeris, etmese-de,-diýip äri gaharlanypdyr. Şol pille-de hut onuň şu sözüne garaşyp duran dek, gapy kakylypdyr. Açsalar, hanyň ýasawullary. Ýaňky bendäni öňlerine salyp äkidipdirler. Nämemiş, guşbegiň paýtuny batga batypmyş, şony çykaryşmalymyş. Onsoň ýaňky bende ýagşyň aşagynda, uzakly gije üşäp, ezilip, özem aç, ýadaw, palçyga bulaşyp paýtun çykaryşypdyr.
"bütin ömrüme ýeke gezegem aýatda sataşyp görmedik adamym" ýagny Juma Hudaýguly bilen hyýaly gepleşdiňizmi?
"-Özüň nätdiň, inim? Birneme rahatlandyňmy-aý?! Tapdyňmy, şo garaköseň bolup, arşy-kürsi sermäp, gözläp ýöreniňi?!" bu ýerde Juma aga nämäni göz öňüne tutýar?
"Jahyl çürt-kesikligi, gögele “ýa eýläk, ýa beýläk” dardüşünjeliligi bilen möwç urýan göwün, bu wagt hemme zady diňe inkär etmegiň hatyrasyna inkär edýär". Ýetginjekligim (-iz hemmämiziň).