Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Juma aga we men / hekaýaň dowamy

4 minut alar

***

 

Şol ümmülmez birsyhly galagoplugyň gursagynda-da Juma agaň mylaýymdan mähirli labyz bilen gürrüň berýän, mylakatdan, sadalykdan, düşünmekden dyňzap duran jümleleri hiç janyma batmady.

Sebäbi olaram täzelik däl.

Sebäbi olaram gözleýänimi tapyp bermeýär.

Içki kösenjimi ahyrlar ýaly, “belaň körügini” “barmak dürtüp” görkezmeýär.

Kanagatlandyranok.

Jahyl çürt-kesikligi, gögele “ýa eýläk, ýa beýläk” dardüşünjeliligi bilen möwç urýan göwün, bu wagt hemme zady diňe inkär etmegiň hatyrasyna inkär edýär – aklyň, sowukganlylygyň, tarapgöýsüz mantyga laýyklygyň dynnymça düşnügem ýok, bu däli deňiz deý golareň tolkunlaň ähli kenarlaryna birden çyrpynýan, agyp-dönýän sähne serinde...

“Çyn sözlem munuň ýaly ýöntem bolmaly däl, Juma aga! Gürrüň berilýän wakaňam şuňa meňzeş, şurruk çorba pisint bolmagy lazym nist!” diýip, pert suňşurdym-da, özüme indiki wakasyny aýdyp berip, aýakdaş gelýän Juma agaň sözüni morta böldüm.

Juma aga gaty görmedi. 

Köpi gören garryň (o mahal kyrkdan geçen hemme kişi gözüme ülhit garry bolup görnerdi, düşünýän: indi özümizem ýetginjekleň gözüne şeýlediris) gaty köp zad-a gören, ondanam köp zada-da düşünmekden doly gözlerini güldürdi-de, ýumşak ýaňsy bilen:

-Heh,-etdi:-Aýt bakaly, onda tüýs sözlem bilen palaw ýa-da kebap-waka nähili bolmaly?!

Meniň näme üçindir gaharym geldi.

Belki, bu sowala düýbünden jogabymyň ýoklugy üçindir.

Misli, özümiň ýok ýerden öz başymdan towky bolup inýändigime-de, beýnim hyň berýän sowallara ýarty jübtekligem bolsa jogap tapmaýandygyma-da Juma aga günäkär ýaly, gabak astyndan oňa alarylyp, güýçsüz gahardan ýaňa dodagymy çeýnedim durdum.

Meniň dünýeden nadyl, bir tokga nadara nägilelik düwdegine öwrülip, düýrügip durşumy, sesini çykarman birsellem synlap duransoň, Juma aga şol myssa ýylgyryşyny üýtgetmän, öz ugruna ötägitdi.

Soňam, menden göwni galdymy nämemi, Juma aga nijeme ýyllap garasyny görkezmedi.

 

***

 

Ýyllar ötdi.

Saçyma günleň kirşeni mäkäm siňdi.

Walla, huşumda däl, emma çakym çak bolsa 2018-nji ýyl bolaýmasa. Okamaga näme-de bolsa bir zadyň gözleginde, inetde edebiýat saýtyny dörünjiräp otyrkam, tötänden “Ýeroýlanduz nalasynyň” üstünden bardym. Taryhy oçerkiň täsin ady ünsümi çekip, onda gözüm äginendenem, bosagada Juma agaň sudury göründi.

Geň.

Özem birjik-de garramandyr. Şol bir, otuz ýyl mundan ozalky bolşy. 

Ind-ä, dogrusy ikimiz ýaşytdaşragam görünýäs.

Her niçigem bolsa, türkmençilikde sypat ýaşyna däl-de, ýaşalan ýaşa sarpa goýulýar – ör turdum-da, ikelläp salamlaşdym:

-Salawmaleýkim, Juma aga!

Juma agaň bolsa diňe keşbi, kamaty däl, häsiýetiniňem şo bir bolşy – onlarça ýyl mundan ozalky myssa ýylgyryşydyr, gözlerini gülümsiretmesini sähelçe-de üýtgetmän, salamymy göwnaçyk aldy:

-Waleýkim essalam, inim! Bamyň-ow?!

Hamana, ikimiziň aramyzda şo görüşmedik ýyllarymyz düýbünden bolmadygam ýaly.

-Öňem bir dilinden bela galan bendäň: “Aç gapyny keýwany, nesip edenden äriňdiris!” diýşi ýaly, agam, nesip edenden bardyrys-laý. Özüňiz neneň? Taplaryňyz ganymatmy?-diýip menem, ýeleňlikde ýol beren hatamy gürläp-gürläp ýuwmarlaýjak bolýan.

Juma agaň bolsa piňine-de däl, ikimiz hut düýnjük görşüp-aýrylyşan dek:

-Hany, körpe, geç, onda ornuňa! Gulagyňy ýagşyja ger bakaly, “Ýeroýlanduzy” gür bereýin,-diýdi-de, äwmän-alňasaman gepe başlady.

...Ýaşulyň gamgyn agraslyk bilen eşidilýän pessaý hiňlenmä çalymdaş sesine maýyl bolubam, men şo demde, Annaguly hanyň gyzyllardan gaçyp Owganyň Hyradyna sary ümzügen göçünde, guma bulaşyp barýan, şalha-şalha geýimli oglanjyga öwrüldim – üstünde ejemdir gyz jigilerim ýaýkyldaşyp oturan garry göherdiň owsaram, çöpgoşar, çorly elimde.

Birdenem, ýeňseki asmandan “war-war” edip, gorkunç owaz eşidildi. Aňka-taňka bolan göçegçiler heniz nämäň-nämedigine düşünibem ýetişmänkäler, aňňat-aňňat alaňlaň aňyrsyndaky asmandan zymdyrylyp ganatly bela çykdy. Bada-badam ol garawsyz sülgün jüýjeleriniň depesinden inen gyrgy deýin goragsyz kerweniň üstünden şaglap gaýtdy-da, ajal güllesini ýagdyrmaga başlady.

Men birbada doňňara-daşa öwrülip galsam-da, ganatly nägehan ok sepeläp başlan dessine serime aýlandym. Hasyr-husur düýäni çökerdim. Ejemdir jigilerimi gutulgysyz ajaldan gizlemek üçin olary düýeden düşürmäge topuldym. Şol pursadam ýagyrnymdan, edil iki pilçämiň arasyndan, nähilidir birhili gyzgyn zat jaslap tenime girip gitdi. Men ilki, hiç hili agyry duýmadym. “Näme degd-aý?” diýen pikir bilen ýagyrnymyň gyzan ýerini ellejek boldum. Elim ýetmedi. Ejemden görmegi haýyş etmek üçin oňa tarap gaňrylanymam şoldy welin, men gos-goýy gara läbige gaçdym. Soňam tümlük...

...Juma aga gapdalymda oturyp, üstünden asyra golaý wagt öten pajygaly wakaň pyganyny, kyssadaky nowha öwrüp, kän hiňlendi.

Gam-gussadyr, hasratdan ýaňa ýüregim oýulyp gitdi.

Hoşlaşanymyzda-da ýaşuly:

-Bor inim, hoş! Hümürdeşesiň gelse çagyr-aý! Elim degse, eglenmen, gelerin,-diýip sypaýyçylykly sagbollaşdy. Işikden çykyp barýarka-da säginip, sorady:

-Özüň nätdiň, inim? Birneme rahatlandyňm-aý?! Tapdyňmy, şo garaköseň bolup, arşy-kürsi sermäp, gözläp ýöreniňi?!

Ýeri, näme diýersiň?

Ýaşulyň öz edişi ýaly: “heh,” edip ýylgyrdym-da, kibtimi gysyp oňaýdym...

 

***

 

Soňky ýyllaram Juma aga bilen kän sataşardyk. 

Oturyşardyk, hümürdeşerdik.

Irmän-arman gözlenýän zatlaryň-a asla tapylmaýandygy, eger-walla gözlenmeýän zatlaryň bolsa öz-özündenem tapylyberýändigi hakynda, köpi geçip azy galan gojalara dönüp, käýine-käýine derdinişerdik. 

Biri-birimiziň sogansypat, gatlak-gatlak gatlamalyja sowallarymyza jogap beresimiz gelmese-de, hemişekimiz ýaly: “heh” edäge-de, myssa ýylgyryp oňaýardyk. Şonda-da Juma aga-ha meniň, menem onuň bermedik jogabyna aňryýany bilen düşünerdik...

...ýa-da herimiz öz ýanymyzdan: “düşünýäs” diýip hasap edip, öz-özümizden monça bolardyk.

Gowy ýyllar boldy. 

Ysnyşykly kän gatnaşdyk Juma aga bilen.

Birek-birege juda köp zatlar-a aýdyp berdik. Ondanam köp zatlary aýtmadyk.

Ýöne, Juma aga üçin nähilidigin-ä biljek däl, meniň üçin-ä elmydama-da Juma aga bilen aýdyşan zatlarymyz ýaman gymmatly...

...aýdyşmadyk, aýtmaga dözmedik, het etmedik... zatlarymyz bolsa...

...ondanam beter. 

 

***

 

...şu gün bolsa, baharyň ikinji aýynyň ikinji güni, Juma agaň amanadyny tabşyrandygyny eşitdim.

birhili boldum.

bütin ömrüme ýeke gezegem aýatda sataşyp görmedik adamym.

bütin ömrümiň manyly kyrk ýyla golaý wagtynam ýakyn dost bolup, käte ylalaşyp, käte ylalaşman, ýöne hakyky dostlukda bolmalysy ýaly, hiç wagt birek-biregiň öňünde ýalan öwgiň bürenjegine duwlanman, galp gürlemän, ýüz görüp gapyrga syrman, iç döküşip, syr alyp, syr berşip gelen adamym...

...näme üçin beýdýändigime özümem düşünmän: “...menden saňa hormat bolsun, agam...” diýip, içimden pyşyrdadym...

...menden saňa hormat bolsun...

 

03.04.2024ý.

110 |
|