Gir

Post

bagabatAwtor

Awtory: Halk (Ha:lk dä 😁). Bir bende agşam lüti süýnüp meýdandan öýüne gelipdir. Aýalyna ýüzlenipdir: -Keýwany, hany näme naharyň bolsa al, iýeli. -Kakasy, "nesip edenden" diýeweri. -Häý sammyk heleý! Ine şumat öňüme nahary aljak bolup dursuň. Daşary garaňky. Men öýde. Onsoň öz törümde, öz saçagymyň başynda, öz owkadym maňa nesip etmän näme bolsun? Şo nahar-a nesip etse-de iýeris, etmese-de,-diýip äri gaharlanypdyr. Şol pille-de hut onuň şu sözüne garaşyp duran dek, gapy kakylypdyr. Açsalar, hanyň ýasawullary. Ýaňky bendäni öňlerine salyp äkidipdirler. Nämemiş, guşbegiň paýtuny batga batypmyş, şony çykaryşmalymyş. Onsoň ýaňky bende ýagşyň aşagynda, uzakly gije üşäp, ezilip, özem aç, ýadaw, palçyga bulaşyp paýtun çykaryşypdyr.

0 jogap

Entek jogap ýok. Ilkinji bolup jogap beriň.