Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ynsandaky nur

2 minut alar

Şahsy ynanjym — adamlaryň her birinde Allatagalanyň nury bar. 

Şol nuram onuň zehini. 

Kim agaja jan bitirýär, kim daşa, kim demre, kim bolsa söze jan berýär…

Ýazýan adamlardaky şol nur, olaryň kimsinde ýiti bolýar, kimsinde körejik.

Edil doglanda öli bolmasa-da, entek gämik Söze nefes (nepes, dem) üfläp, ony ynsan köňlüne, edil mazaly tagt edilip, gaýym sürlen ýere taşlanan tohum deý taşlap, şineledip, gämik ýardyryp, ösdürip, gülledip, gül açdyryp bilmek — bu-da Hakyň bendesine bagyş eden deňsiz-taýsyz serpaýlarynyň biri.

Şonyňy has-da taplamaly, has-da ýiteltmeli...

...onam eger başaryp bolsa...

Onsoň sendenem, çagalaryňa, adamlara, halka, adamzada, äleme..., Gurbannazar agamyz aýtmyşlaýyn: «şeýlebir serpaý galar, şalaryň elinden gelmejek serpaý»...

“Äleme” diýýänim, Çary Ýegenmyrat neressäň: “hiç zat ýitmeýä, diýýä himiýa” diýşi ýaly, noosfera, maglumat meýdany hakdaky teoriýalara görä, külli älemler (metagalaktikalar) döräp, onda bar bolan, soň emele gelen maglumatlar hiç haçan ýitmeýärmiş. 

Energiýa bar!

Maglumatam bar!

Çünki uşbu Älemleň özeninde Energiýa duran bolsa, Maglumatsyz Energiýa-ha bimanylyk we tükeniksiz bulam-bujarlyk (Haosmyş). Energiýasyz Maglumatam – Absolýut jansyzlykmyş.

Şu nukdaýnazardanam, biziň her birimiziň pikirlerimiz, duýgularymyz hem ýitmän, ilk-ä biziň ýaşaýan saýýaramyzyň (planetamyzyň) noosferasyna, şonuň üsti bilenem galaktikamyzyň, ondan soňam metagalaktikamyzyň, ondan soňam külli metagalaktikalaryň tükeniksiz sanýetmezligine siňýän bolýar duruberýär. Şeýlelikde, bu mähnet metafiziki düşünjeler bilen deňeşdireniňde zerrejik-de bolmajak ynsanyň, Älem hem Wagt gatnaşygy düşünjeleriniň çäginde nanosekuntça-da bolmajak kindiwanja ömrüniň dowamynda döreden maglumatlary, onuň diňe bir ýakyn gurşawyna özünden edýän “serpaýy” däl-de, tutuş Äleme-de edýän azam bolsa, mikronça bolsa-da “serpaýjygy” bolýar diýip, gipotetiki hasaplaýsaňam bolman durmajak ýaly :-(.

Garaz, öz aýdanyňy ýuwmarlamak üçin, ine şeýdip, “hüwiň hamyny sypyryp, ony globusyň daşyna dartdyrybermeli-dä” :-).

40 |