Mugallym (talyp)
Ýerliksiz gelen ýatlamalar ýa-da romantizm hakda...
2 minut alar
Bir çeper film görüp otyrdym, onuň hem soňunda Frank Sinatranyň "Fly me to the moon" aýdymy goýulypdyr. Gaty gowy gördüm (bir zenan eken aýdymy ýerine ýetiren), kim aýdypdyr, ady näme dessine öwrendim we özüme ýükläp aldym. Gaýta-gaýta diňledim...
Ýöne diňläp duran wagtym şeýle täsin duýgulary başdan geçirdim, söz bilen beýan eder ýaly hem däl. Ýöne eger mejbur bolsadym, bu beýan şeýleräk bolardy: giň rahatlyk ummany, bu umman diýseň parahat, goýy ýalňyzlyk tolkunlary ýuwaşjadan çyrpynýarlar, men bolsa şol ummanyň ortasynda azaşan gämiçi ýaly; öz ada:my gözleýärin, söýgi adasyny. Taparmyň? Ýok elbetde! Yzyndan gelýän gam-gussa akymyny tut tutup bilseň!..
Hawa, romantizm şeýle zat. Goýy melanholiýa tonlary bilen boýalan romantizm. Adatça ol adamlarda ýaşaýşa bolan hyjuwy döredýär, mende bolsa tersine, ruhuçökgünlik. Ýöne ýany bilen gelýän rahatlyk duýgusyny welin, hiç zat bilen çalyşmazmykam diýýän (belki berip bilerdim birine, ýöne çalyşmazdym). Bu duýgy gelýär-de "mahmal ýorgany" bilen üstümi örtýär. A men bolsa şol ýorganda ömürlik galaýsam diýýärin... Sebäbini bilemok, belki göwnüme ýaraýanlygyndandyr?!..
Ine, şu ýorgana bürenip ýatyryn. Kelläme geçen ýylky, ondan öňki ýylky we ýene näçe ýyl öňki wakalar gelip başlady birden. Ol owadan gözlerde özümi ýitirişim... Seretmäge utanyp aljyrap duruşym... Ýa bolmasa, ylham joşup goşgy ýazyşym... Ýene-de birnäçe şular ýaly ýatlamalar. Garaz, kän zat geldi-geçdi kellämden. Ýöne, bulary ýatlamak, bir tarapdan hem ýakymly, hem gynandyryjy. Kellämde döreýän bir topar "näme üçin?" soraglary, ýa-da "wah"-lar, "arman"-lar we ýene köp zat. Manysy barmy? Meniň pikirimçe hawa, bar. Ýagny, entäkler hem özümde bir bölejik şol adamlardan galandygyny duýýaryn. Içimde olar ýaşaýarlar, kalbymyň töründe. Men olara özüm jaý berdim o ýerden. Sebäbi hak etdiler. (Belki şu wagt okap oturan hem bolup bilerler). Men olardan bir bölejik alyp galanyma begenýärin (nähili gynanan hem bolsam).
Adamlardan bölejikleri jemleýärin, olar hem meniň bilen galýarlar, meni döredýärler. Eýsem, ulalmagyň manysy şol dälmi? Döredilmek we döretmek?! A men romantizm hakda ýazjakdym... Gürrüň geldi, ýene-de melanholik pikirlerimiň arasyna girip gitdi. Soňky döwür pikirlerimi ýazmak endige öwrülip barýar. Geň zat, bu gezek içgepletme ýazaýdym öýdýän oýlanmadan beter...
P.S. aýdym hakynda maglumat: Claire - Fly me to the moon. Şu ssylkadan alyp bilersiňiz:
https://archive.org/details/evangelion-fmttm/1.+FLY+ME+TO+THE+MOON.flac
Joraýew Babageldi "Başga pikirler"