Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Ýazmasy kyn düşen hat...

2 minut alar

Ýok, men Kerim aga öýkünjek bolamok, hakykatdan hem şu gezek maňa ýazmak gaty kyn düşdi... Sebäbi? Çylşyrymly, düşündirip bilmesem gerek...


Hawa, bu gezek hat ýazýaryn makaladan beter... Hatyň eýesi anonim, käbir A şahs, goý B bolsun, bu  kän bir möhüm däl. Hatyň mazmuny şeýleräk:


-Edep başy salamdyr, salam bolsun, gurgunmyň?! Bizde hemme zat öňkülik, gara, ak we çal. Hemme zady üç reňki goşup alyp bolýar. Seniň reňkli dünýäňden nä habar? Reňkler öçenokdur diýip umyt edýärin! Düýn ýagyş ýagdy, yzyndan älemgoşar göründi. Şondan hem seň dünýäňden bölejik gözledim, olam 3 reňkde eken. Düýbünde tylla bolýamyş diýdiler, düýbüne ýetmedim. Olam seň özüň ýaly elýetmez eken...

Irden oýandym, guşlar saýraýardy. Bu gezek gulagyma owaz däl, goh eşidildi, seretdim, bilbil gözüme alahekek ýaly göründi. Olam 3 reňkde, gara, çal we ak... Birsalym oturdym, töwerege nazar aýladym, hemme zat öňki-öňkilik ýaly. Suwsyz galan agajy ýagyş suwarypdyr, asfalt suwa ezilipdir, olam şar-gara. Mundan öň üns beremok ekenim, durmuşda reňk az eken, köp zat 3 reňkde, ak, gara we çal... Geýindim, öýden çykdym, geýen lybasym ak-gara, diňe meniň däl, aglaba köplügiň eşikleri hem şeýle, maşynlar hem şeýle, ýollar hem, jaýlar hem...

Reňk saýgarmak gözüm bilen bagly hadysamy ýa ruhum bilen? Öň gözüme ilmeýän ak-gara, çal reňkleriň dürli kontrastlaryny indi näme üçin kän görýärin?.. sende şeýle bolanokmy? Seň reňkli dünýäňden nä habar? Entägem hemme zat älemgoşar reňkindemi? Ýadyňda bolsa bile reňkläpdik köp zady... Bile paýlaşypdyk reňkleri we reňksiz ýerleri. Sende reňkler galdy... Mende reňksiz ýerler... Başga biriniň dünýäsini reňklärsiň diýen umyt bilen:

Seniň "sungatçyň"


P.S. Soňky sözleme ýalňyş düşünmäň, gödek manyda aýdylmady, olara düşünmek gerek däl, duýmak gerek. Minnetdar!

Kellämiň içi hem şular ýaly dury bolsa?...
217 |
|