Teswirler (0)

Ýüklenýär...

Ýalan bahana

1 minut alar

Bir öýde ýaşaýan dört talyp ir bilen turup bilmändikleri üçin,birinji dersde bolan matematika synagyna gatnaşyp bilmediler..

Talyplar biraz wagtdan soňra matematika mugallymynyň ýanyna baryp,gelýärkäler münen ulagynyň tigriniň ýarylandygyny we şol sebäpli synaga gijä galandyklaryny aýdyp,ýalan bahana tapmaly boldylar.Bu adatdan daşary ýagdaý sebäpli hem mugallymyň olar üçin täzeden synag almagyny soradylar.

Köp çarşenbäni başdan geçiren mugallym talyplaryň ýüzüne esli salym seredip durandan soňra,şeýle diýdi:

-ýeri bolýar,ertir siziň dördüňizden hem synag alaýyn..

Ertesi gün mugallym dört talyby boş bir synpa getirip,bir-birinden uzak ýerlerde oturtdy we synagyň şertini düşündirdi:

-Bilşiňiz ýaly,bu sapakdan geçmek üçin azyndan 50 bal almaly bolarsyňyz.Häzir sizden 5 sany sorag sorajak.Ilkinji dört sowalyň her biri 10 bal,ahyrky sowal bolsa 60 ballyk soragdyr.

Talyplar tolgunçly ýagdaýda derrew kagyz-galama ýapyşdylar we mugallym ilkinji dört sany ýönekeýje matematika meselesini sorandan soňra,60 ballyk bäşinji sowaly tagta ýazdy:

"Synaga ýetişmezligiňize sebäp bolan ulagyň haýsy tigri ýaryldy?"

 

29 |