Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýagşy ýigit / hekaýa

4 minut alar

Mekdepde – orta, ýörite, ýokary – tapawudy ýok – mugallymlaň ýadynda köplenç, bir-ä iň ökde, birem iň bezzat galýar.

Bu-da gaty berebekgeýdi. 

Lakamam kändi. 

Her haýsynyňam öz taryhy bar...

 

*****

 

Birinji okuw ýylynyň başydy. Okuw otagynda otyrkalar, dekanyň orunbasary – ýaşajyk gelin – täze talyby tanyşdyrmaga getirdi.

Daşary ýurtlaň biriniň diplomatynyň ogly eken. 

Jyrk-sary pyýada. Familiýasyny aýtdy-da, mugallyma onam öz aralaryna kabul etmegi tabşyryp, gitdi.

Bü erigiň kişdesi kibi sap-sary ýigidem, öz reňkdeşi gözüne beýlekilerden yssyrak görnendir-dä, ilki bilen iň yzky hatarda – otagyň kartasynda “Kamçatka” bolýan orunda – ýeke özi oturan, ýaňky berebekgeýiň ýanyna ýüzlendi.

Edep gören, diplomat çagasynyň bolan boluşjygam hemmä mälim.

Ýaňkyň alkymynda söm-saýak togtady-da, elini uzadyp, medeniýetli, salyhatly hem penjek-galstukly adamlar kibi, epeýlik bilen özüni tanyşdyrdy:

-Andreý Petrowiç!

Ýaňkam rusçany bilşi o diýen ýabygorly bolmasa-da, endigine eýerip, kilçermek isledimi ýa bar bolup bilşimi, derrew örboýuna galdy. Köne sowet filmindäki begzada kawalergardlara poh iýdirýän keşpde, köwşüniň ökjesini biri-birine kakyp, bolşuna görä “şykgyldatdy”. Soňam “Ele düşmezek ar alyjylardaky” Jigarhanýanyň oýnaýan ak serkerdesiniň hereketini birme-bir gaýtalap, kelläni aşakdan-ýokarylygyna silkip aldy-da, gysgajyk dişinden syzdyrdy:

-Tože!

Çypar ýigit düşünmedi:

-Ço?!

Ýak e-e-ý! 

Muň ýalyjak geňirgenme-sowaljyk bilen tyýkyradyp bolýan bolsa, ondanam bir tutuş toparyň bezzady boljakmy?

Garagol, şol bir durkunda myzaýyk etmän durşuna, öňküsi dek hetjikledi:

-Tože!

-Was to že tak zowut? Znaçit my dwoýnyýe týozki?!-diýip, türkana çaga, çyny bilen janygýar.

-Razumeýetsýa.

Hälden bäri jiňkerilip, bu sahnany synlaýan topar, ala-pakyrda berdi.

Şondan soňam: “bir okda üç towşan” diýen ýaly, çypar bezzat, üç lakamy birden gazandy. 

Birinjis-ä öz-özünden düşnükli: “Andreý Petrowiç” ýa-da gysgaça: “Andreý”.

Ikinjisem, nämüçindir: “Edepli”. 

Üçünjisem, ýene-de öz-özünden düşnükli (sebäbi talyplaň arasynda: “ele düşmezekleri” görmedik az-az), “Jigarhanýan”.

Uzagyndan bolsa, oň bu üçünji lakamy has-da ösdürilip, haýsydyr bir dillije talyp tarapyndan “Ermenä” öwrüldi.

 

*****

 

Günlerde bir günem talyplaň arasynda, genetiki aýratynlyklar, taryhy gelip çykyşyň halklaň ösüşine ýetirýän täsiri, ata-babalaňňa guwanmagyň, buýsanmagyň täze nesilleň işjeňligine näderejede oňyn itergi berýändigi we ş.m., we ş.m. hakda gyzgalaňly jedel tutaşdy.

Bezzat, özüniň iň eý görýän ornunda hemişekisi dek, pursat tapdygy ýatyrdy. Birdenkä-de dikeldi-de, düýşürgedimi nämemi, jedele goşuldy:

-Biz-how, beýik millet-how, şony biliň!

Oslagsyz ýerden, hasam garaşylmadyk adamdan çykandygy zerarly, onuň oklan gepi, ala-goh bolup çekeleşýänleň ünsüni çekdi.

-Nämüçin?-diýip, toparda sinigiň, skeptigiň, pragmatigiň, nigilistiň, pessimistiň hem-de sarkazmçyň wezipesini, jemgyýetçilik esaslarda, meýletin ýerine ýetirýänçi köpbilmiş talyp, bezzadyň al-petinden almaga başlady:-Düşündir-dä! Diňe iliň ugruna şeý diýip göwereniň bilen gep gutarýandyr öýdýäňmi? Öz nukdaýnazaryňy delillendir, subut et...

Emma, köpbilmişiň arrygyny gynany biderek boldy. Bezzat şo ýekeje jümlesi bilen olaň birneme kiparlajak bolup başlan munazarasyna täzeden ot berdi-de, çypar kelläni tirsek üste taşlap, ap-arkaýyn ymyzgandy.

Şondanam oňa ýene-de bir lakam galdy: “Beýik millet”.

 

*****

 

Bir günem, söhbet sapagynda mugallym: “Häzir gelýän” diýip çykyp gitdi. Talyplar ala-zenzele gepleşmäge başladylar. Şo pille-de hälden mugallymyň gözünden gizlenibräk irkiljiräp ýatan garagol, birdenkä basyrgandymy nämemi, ziňkildäp, kellesini galdyrdy. Gözüni daş-töweregine elek-çelek edip, çynaberimsiz aljyraňňy sorady:

-E-e-ý, oglanlar, biz haýsy sapakda-ý?!

Oň hokgalaryna öwrenişikli bolsalar-da, topardaşlary wakyrdaman saklanyp bilmedi. Gülşüp bolansoňlar, il deňinde hezil edip gülmegiň deregine, dodagynyň bir çetini göwnüýetmezçilikli gyşartmak bilen çäklenen toparyň köpbilmişi, eşitdiribräk hüňürdedi:

-Ýefremowyň “Andromedaň ümür-dumanlygy” diýen bir kitaby ba:...

Şeý diýdi-de, köpmanyly dymdy.

Näme diýjek boldy?

Kime diýjek boldy?

Alla bilsin.

Muň ýaly aýlyksyz skeprik-sinik we ş.m. bolup zähmet çekip berýänleň bolan boluşjygy, adatça şu pisint bolýar – düşnüksiz hem köpmanyly.

Hamana: “Arrygyňyzam gynama-a-ň, daragoýlar! Barybir bize siz düşünmeýäňiz! Bilemok, ýene-de ýüzýyllan ýa-da has dogrusy müňýyllan, çalaja-da bolsa aňyňyz-üşügiňiz ýetjek-ýetjek bolup başlaýmasa...” diýen bolup, dodak çöwürýän ýaly.

Ýöne gep onda däl. Bujagaz wakaň esasy netijesi – bezzat ýüzüniň ugruna ýene-de iki sany lakama mynasyp bolmagy başardy. 

Birinjisi: “Andromeda”. 

Ikinjisem: “Duman”.

Soňra, şo wakaň yz ýany, taryh sapagynda mugallym, Mete hanyň kakasy Duman beýgi hakda süýjüdip gürrüň berenden soň bolsa, oň: “Duman” lakamy, dessine özgerdi-de, haýbatly “Duman beýgä” öwrüldi...

 

*****

 

Özem onuň ilden tapawutly bir tarapy, lakamynyň köpdügini ol beýlebir ýokuşam görmeýärdi. 

Gaýta, göwnüňe bolmasa az-owlak buýsanýanam ýalydy. 

Çünki, gelişse-gelişmese: “Ýagşy ýigdiň ady köp bomuş” diýen atalar sözüni öwran-öwran hetjiklärdi.

Bu edähetem oňa ýene-de bir lakamyň ýelmeşmegine sebäp boldy: “Ýagşy ýigit”.

Şo “ýagşy ýigitligine-de” ol häzirem ýatlanýar. Mugallymlaram, bile okan deňdeşlerem gabat gelip, ol barada sorasalar, diýýärler:

-Ýeri, onsoň bü “Ýagşy ýigit” nähili? Şo öňki balamutlygymy?!

44 |