Žurnalist
1 minut alar
Çagalygyma gidäýsem... Günortanlary urulyp ýatyrylýan günlerime... Mekdepden geleniňde: ,,Näçe sany 5-lik aldyň" diýilýän günlerime... Jigim bilen urşup onuň köýneklerini bukup goýýan günlerime ... Ejem gelýänçä sallançakda ýatan jigimi üwräp oturmaly günlerime... ,,Bar, balam, kuhniýadan plan zat getir" diýilende almaly zadymy unudyp, ikilenji gezek soraýan günlerime... ,,Erigi ýuwman iýmäň" diýilýän günlerime... Hemem öýkelänimde aglap bilýän günlerime ... We iň esasysy bolsa kakaly günlerime...
****
Gel, seni aklymyň otaglary bilen tanyşdyraýyn... Ynha, bu otagda göresim gelýänleriň suratlaryny asdym, onuň diwarlaryny ýaşyla boýajak ýakynda. Ýaşyl diriligiň almaty onuň üstesine-de meniň gowy görýän reňkim, goý, göresim gelýänler dirilikde bolsun... Ol otaga girmeseň gowy. Onuň ady Ynam, özümem giremok ol ýere, şonuň üçin çaň basyp gidendir... Arzuwlarym bilen tanyşjak bolsaň kebelegiň suraty asylgy gapyny aç, ol otagy halajagyňy bilýäň, belki arzuwlarymyz meňzeş bolmagam ahmal biziň... Iň soňky gapy bolsa meniň ýaşaýan otagym, ol ýeri ,,Gussa" diýip atlandyrdym, ýüregim gyssan wagtlary köplenç şu ýerde bolýan... Galan otaglaryma bolsa häli a:t dakyp ýetişmedim. Ýogsa-da, bu temada maňa kömek edip bilersiňmi?... :)
00:07.
24.01.2025
Enemähri Guwanowa