Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Da:şlaşan ýürekler ýa-da "meň nä işim?"

5 minut alar

Jemgyýet - hemmämiziň ýaşaýan gurşawymyz. Barymyz jemgyýetiň düzümine girýäris. Jemgyýetde her gatlakdan, her wezipeden, her ýerden we her gurşawdan adamlar bar. Jemgyýet, adam üçin synag meýdany. Biz hakda köp zady orta çykarýan we açyp görkezýän hem jemgyýetiň hut özi. Hat-da doňýürekligimizi, gorkylarymyzy we geleňsizligimizi-de...


Her gün durmuşymyzda dürli wakalar bolup dur. Bir gün toý, bir gün ýas. Köpçülik bu, köpçülikde her zat bolýar. Her gün üýtgeşik wakalara duş gelmek mümkin. Ine şeýle üýtgeşik günleriň biri (meniň üçin her gün üýtgeşik, adaty gün ýok) ýolda garryja daýzany gördüm. Bir elinde pişek, bir elinde iki torba gök önüm. Ýoldan geçjek bolup dur. Bu ýerini hem aýdaýyn; bellenilmedik ýerde (biziň ýaşaýan ýerimiz şäherleşen hem bolsa olar ýaly ösen däl). Gapdalyndan adamlar geçip-gidip durlar. Käbirleri hat-da daýzanyň gapdalynda durup, ýoly kesip geçýärler gaty-gatydan ýöräp. Emma bu garryja daýzada olar ýaly gurbat barmy gaty-gatydan ýörärlik?! 

Men şol wagt ýoluň garşysyndan gelýärdim, daýzany uzakdan görüpdim we ýanyna barýançam synlamagymy dowam edýärdim. Maşynlar hem, adamlar hem geçip durlar. Sürüjiler hem üns berenoklar, adamlar hem (aslynda hemmesi ony görüpdi). Daýzanyň ýanyna barýançam 3-4 minut bolandyr. O wagta çenli daýzanyň ýanyndan ep-esli ýaş oglan, gelin we iki sany daýy geçip gitdi. Daýza: bolsa kömek teklip eden adam bolmady. Ol entägem ýoldan geçmäge oňaýly wagta garaşyp durdy... 

Bardym, kömekleşdim. Soňundan pikirlendim, näme üçin beýlekä? Adamlar daýza kömek etmediler, ulaglar daýza ýol bermediler. Olar şeýle howlukmaçdylarmy? Ýa-da gapdalyndan "meň nä işim, geçer-dä ahyrsoňy" diýip geçdilermikä?.. Mende entäk hem jogap ýok. Emma şol ýerde doňýüreklik edileni maňa mälim.


P.S. Wakanyň bolup geçenine ep-esli wagt bolandyr, ýöne mende şeýle uly täsir galdyrdy welin, ýazmaklygy makul bildim. We şu temada, ýazmaga waka şeýle köp, hat-da ýazyp gutarar ýaly däl. Men şu hilli "meň nä işim" wakalaryny köp görýärin. Şol sebäpden hem şu gün "meň nä işim" temasyny ele almak isledim.


Ýene-de şeýle üýtgeşik günleriň biridi. Ol gün hakykatdanam üýtgeşikdi, sebäbi irden Gün çykyp, bulut ýok ýerden öýlänler ýagyş ýagypdy. Men bolsa irdenki salkym okaýan ýokary synp okuwçysydym. Okuwdan gelemsoň, her gün öýlän jigimi çagalar bagyndan alyp gaýdýardym. Ýöräp gatnaýadyk jigim bilen çagalar bagyna, sebäbi ýol uzak däldi, bir köçäni sypdyrman ýöräbermelidi (15 minutlyk ýol her tarapa). Gidişin howa tutuksydy, bir zat bolaýjak ýaly. A men bolsa kiçidim, geleňsizlik etdim we saýawan alman öýden çykdym. Çagalar bagyna golaýlan wagtlarym birhili ýakymsyz ýel turupdy. Kän üns bermedim, ýoluma dowam etdim. Barmaly ýerime bardym, jigimi geýindirip biraz eglendim. Daşyna çyksam eýýäm ýagyş damjalaýar. "Aý bolýar, bolany bolar-da" diýip yzymyza ýol tutduk. Jigimiň elinden tutup ýöräp barýaryn ýan ýodadan.

Birden hem ýagyş güýçlenip başlady. Men bolsa hem özüm, hem jigim ezilmez ýaly ýoluň gyrasyna çykyp elimi galdyrdym. Durmadym, ýoluň gyrasyndan ýöräp barýardym, jigim ýan ýodadan yzymdan gelýärdi. Ep-esli maşyn deňimden geçdi. Her geçen maşyna elimi galdyrýardym. Şeýle ýöräp barşyma öýe ýetipdirin. Yzyma seretsem jigim ýok eken. Öňüme seretdim, öýi görüp menden öň ylgap barýan eken öýe tarap. A men bolsa ýol boýy maşynlaryň näme sebäpden durmaýandygy hakda oýlanyp, hakykatdan daşlaşan ekenim. Häzir hem düşünemok dogrusy näme üçin beýle bolanyna, ýogsam uly ýola çykýan iň gatnawly ýoldan barýardyk... Ýa-ha olar şeýle howlukmaçdylar, ýa-da ýene sebäpkär "meň nä işim?"-di... 


P.S. Çagalar bagy we gatnaw meselesinde jigim bilen biz bular ýaly wakalara köp duş gelipdik. Hemmesinde şeýle boldy diýsem men ýalançy. Ýadyma düşýär, birnäçe gezek ýolumyzy ýakynladan adamlar bolupdy. Olaryň özleri meniň ýadymda däl, eden ýagşylyklary ýadymda. Nesip bolsa, men özümi şu meselede şol ýagşy adamlar ýaly alyp barmakçy.


Ýene bir üýtgeşik günleriň biridi (bu waka eýýäm talyplyk ýyllarymyň başlaryna gabat gelýär). Okuw günörtan gutarýardy. Öýüme gelýänçäm "süýr günortan" diýilýän wagt geçip, öýlä golaýlaýardy. Ine, şeýleräk wagtda öýe ýöräp barýaryn. Uly ýoldan sowlup, kese ýola girdim. Sebäbi şol ýoldan öýe çalt baryp bolýardy (ol ýolda gatnaw hem az däldi, köp adam girip-çykýardy emma agaçlyk bolansoň we ýol inçe bolansoň bukurakdy). Barýarkam, transformator bilen tut agajynyň aňyrsynda iki sany ýaşlar durlar (juwan diýesim gelenok sebäbi ýaşy näme, başy näme? Mekdep okuwçylary, men-ä seredip 10 ýa 9-njy synp diýip baha berdim). Biraz aýak çekdim, soňra bolsa oýlandym. Gün öýle wagty, köpçüligiň gatnaýan ýolunda (olar ýaly buky ýer hem däldi, görünip duran ýer), göz-görtele bolup duruşlaryny diýsene?! Men-ä gelişdirmedim. Ikisi üçin hem, ylaýta-da gyz üçin gaty gelşiksiz ýagdaýdy. "Biri görmänkä bulary ürküzeýin" diýen karara geldim we tokga kesek alyp transformatoryň demir gapysyna zyňdym. "Gürp" edip ses çykdy. Niýetim amala aşdy. Ikisi hem bir-birini tanamaýan ýaly, biri-biriniň tersine baka ýörediler. Soňra gyz hem gözden ýitdi, oglan hem...


Indi geleli esas meselä. Şol wagt men "meň nä işim", diýip geçip gidip bilerdim. Aslynda meniň üçin iň amatlysy şoldy. "Ýöre-de gidiber, seň nä işiň". Dogry dälmi?! Ol ikisini sen tanaýarmyň? Bolanda näme, bolman duran zatmy edýänleri?! Nämä burnuňy sokýarsyň? Ýoluň bilen bol-da gidiber-dä! Ýok, bolmaz ahyry! Egrini düzlemek, öz büdrän daşyňy başgalar ýykylmasyn diýip ýoluň ortasyndan aýyrmak her birimiziň borjumyz dälmi?.. Öz rahadym üçin başgalaryň ýalňyşyna ýa-da başgalaryň kynçylyklaryna göz ýumjak mahalym meniň-ä ýagyşly gün jigim bilen ezilişim göz öňüme gelýär (diňe ol hem däl, ýene-de kän zat bar). Bu hakda ýazsaň ýazybermeli. Ýazara waka kän. Soňky döwür adamlar başgalary bilen arkalaşmagy unudyp barýar. "Meň nä işim" köpelýär, "biziň işimiz" azalýar. "Kömek edeýin" ýitip barýar, "näme hyzmat?" köpelýär... Bu zatlar dogrymy, ýalňyşmy, karar berip bilemok dogrusy. Sebäbi her tarapdan seretseň özüniň dogrulary bar. Ynsanlyk üçin haýyrlysy nämede?! Bilip bilmedim...

Joraýew Babageldi 

04.02.2024ý.

157 |
|