Talyp
Türkmenistan Astrahanda logistika merkezini açar
2 minut alar
Astrahan oblastynyň hökümeti, “Lotos” aýratyn ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini ýerleşdirmek maksady bilen 20 gektar meýdany taýýarlady. Bu barada sebitiň gubernatorynyň orunbasary we hökümet başlygy Denis Afanasýew mälim etdi. Afanasýewiň bellemegine görä, bu ýer bölegi Türkmenistanyň söwda-logistika merkezi üçin köp wagtdan bäri saklanyp gelinýär. Şeýle hem, ol Astrahan hökümetiniň bu taslamany goldamakda uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle şertler Eýran Yslam Respublikasyna hem teklip edilmegi göz öňünde tutulýar, çünki Eýran bilen hem daşary ykdysady gatnaşyklar ýokary depginde dowam edýär.
Afanasýewiň Aşgabada saparynyň dowamynda, ol türkmen kärdeşleri bilen geljekde taslamanyň durmuşa geçirilmegi barada jikme-jik gepleşikleri geçirdi. 2023-nji ýylyň ýanwarynda, Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň Türkmenistana sapary wagtynda, “Lotos” aýratyn ykdysady zolagynyň baş direktory Sergeý Miluşkin bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň” baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Merdan Bäşimow arasyndaky ylalaşyk baglaşyldy.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň iýun aýynda Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Astrahan bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda gämi gatnaw ugrunyň döredilmegi boýunça işleriň alnyp barylýandygyny we Astrahan gämi gatnaw kompaniýalarynyň bu taslama gatnaşmaga taýýardygyny belledi. Bu ugry döretmek iki ýurduň arasyndaky logistika hyzmatlarynyň ösdürilmegine we Hazar deňzindäki söwda hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Täze logistika merkezi diňe bir Türkmenistanyň halkara söwda mümkinçiliklerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitleýin integrasiýanyň we hyzmatdaşlygyň güýçlenmegine hem ýardam berer. Logistika we ulag infrastrukturasy, hususan-da Hazar deňziniň üsti bilen, Türkmenistanyň energiýa eksport mümkinçiliklerini giňeldip, regiondaky strategiki ähmiýetini ýokarlandyrar.
Sanjar Hazratkulow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň ykdysadyýet
we hukuk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.