Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Philologist

Ters psihologiýa

1 minut alar

"Şu kitaby okamagy maslahat beremok" diýip, daşary ýurt edebiýatynyň taryhyndan berýän leksiýalarynda dosent mugallymymyz talyplaryň eserlere bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. 

Ters psihologiýa - islenýän zadyň tersini teklip edip, birine täsir etmek ýa-da ynandyrmak üçin ulanylýan usul. Ters psihologiýada adamlara näme etmelidigi aýdylman, eýsem, näme etmeli däldigi aýdylýar. Muňa adamlaryň özlerini alyp baryşlarynyny dolandyrmagyň ýa-da manipulýasiýanyň bir görnüşi hökmünde garalyp bilner. Muňa stereotipiki meselem hökmünde, "Düwmä basmaň!" ýaly filmlerde we multifilmlerde gabat gelýän ýazgylary getirip bileris.

Adamlar özlerini etjek zatlaryna özleri karar berýän ýaly duýsalar, şony etmek ähtimallygy has ýokary bolýar. 

Ters psihologiýa dürli ýagdaýlarda ulanylýar.

Mysal üçin, ene-atalar "Bu käşirleriň hemmesini iýip bilmersiň" ýaly bir zat aýdyp, çagalaryna gök önümlerini iýdirmek üçin ters psihologiýany ulanyp biler. Çaga ene-atasynyň nädogrydygyny subut etmek üçin käşir iýmek kararyna gelýär.

Marketingde önümi sarp edijilere has özüne çekiji etmek üçin ters psihologiýa ulanylyp bilner.

Şeýle-de bolsa, dogry ulanylmasa ters psihologiýa töwekgelçiliklidir. Bu adam psihologiýasyna, gatnaşyklara zeper ýetirip biljek manipulýasiýa eltmegi mümkin.

Ters psihologiýa başgalara täsir etmek ýa-da ynandyrmak üçin ulanyp boljak güýçli usuldyr. Ýaramaz netijelerden gaça durmak üçin ony ünsli we ahlakly ulanmak möhümdir.

Siz nahili ýagdaýlary mysal getirip bersiňiz? 

380 |
|