3 minut alar
Siz/Biz ýalta DÄL
"Ýaltalyk" diyip nädogry at goýýan zadymyz, has dogrusy, hereketsizligimiz ýa-da bikärligimiz barada pikir ýöretsek, görüp otursak "Biz ýalta däl!". Sözlükde ýalta, ýaltalyk düşünjeleri şeýle berilýär: Ýalta - Zähmet çekmegi halamaýan, iş ýakmaz. Ýaltalyk - Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk. Eger zähmet çekmegi gowy görýän bolsak, ýagny, çeken zähmetimize buýsanýan bolsak, hem-de işi başarýan bolsak, onda bizi bir işi etmekden saklaýan başga bir zat bar. Özümiz we beýleki adamlar barada "ýalta" diýip ters…