Tebigaty Gora

EKOLOGIÝA — GELJEGIŇ GÖZBAŞY

Tebigat adamzadyň öýi, ony goramak bolsa, biziň her birimiziň borjumyzdyr. Adamzat XX-XXI asyrlarda ösüşde ägirt uly sepgitlere ýetdi: senagat, tehnologiýa, şäherleşme, döwrebap durmuş serişdeleri... Ýöne bu ösüşiň täsirlerinden bir zat yza galýardy – tebigat. Günübirin ösýän şäherler, çykdaýjysy köp bolan önümçilikler, suwuň we howanyň hapalanmagy, tokaýlaryň gyrylmagy – bularyň hemmesi ekologiýamyzyň durnuklylygyny howp astynda goýýar. Ekologiýa bu diňe ylmy düşünje däl – ol biziň ýaşaýyş şertimizdir. Sagdyn tebigat bolmasa, sagdyn durmuş bolmaz. Şonuň üçinem, häzirki…

TEBIGATY GORAMAK – HER BIRIMIZIŇ BORJUMYZ

Tebigaty goramak diňe döwlet edaralarynyň ýa-da ekologiýa guramalarynyň işi däl. Her bir adam gündelik durmuşynda daşky gurşawa bolan hormatyny görkezmeli. Biz näçe kiçi hem bolsa ädim ätsek-de, ol tebigatyň geljegine täsir edýär. Suwy we energiýany tygşytlamak, zyňyndylary tertiplemek, gaýtadan işlemek – bularyň hemmesi daşky gurşawy goramagyň esasy usullarydyr. Şeýle-de bolsa, iň möhüm zat – düşünje we terbiýe. Eger çagalar ýaşlykdan tebigata hormat goýmagy öwrenýän bolsalar, geljekde olary goramak has aňsat bolar. Tebigat adamzadyň ýaşaýşynda örän…

Zyňyndylary gaýtadan dolanyşyga girizmek

Zyňyndylary aýryşdyrmak üçin depozit sistema Germaniýadaky depozit ulgamy (sistema) öý ykdysadyýetine goşant goşýar Zyňyndy tertiplemekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Germaniýada öýlerde üç sany aýratyn gap bar: galan iýmit we şuňa meňzeş galyndylar üçin guty, kagyzlar üçin aýratyn guty we beýleki hapalar üçin niýetlenen başga bir galyndy gutusy.Bulardan başga-da plastmassalar hem toplanýar.Jaýlaryň öňünde köplenç öý zyňyndylary gaplanan Germaniýada aýna ýygnamak üçin aýratyn bir işlew (proses) bar.Aýna çüýşeleri gaýtadan işlemek üçin köpçülige açyk konteýnerler bar we çüýşeler…

Zyňyndylary gaýtadan dolanyşyga girizmek

TEBIGATY GORAMAK — SAGLYGY GORAMAKDYR

Adam saglygy bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyk örän ýakyndyr. Tebigatyň ýagdaýy, howanyň hilinden başlap, suw serişdeleriniň arassalygyna çenli köp faktorlar adam bedeniniň we ruhy ýagdaýynyň ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär. Şu günki gün ekologik meseleleriň ösmegi saglyk meseleleriniň artmagyna getirýär we munuň öňüni almak üçin tebigaty goramak işlerini güýçlendirmek zerurdyr. Adam organizmi üçin iň möhüm elementleriň biri howa bolup, onuň hili saglyk üçin möhüm rol oýnaýar. Aýratyn hem iri şäherlerde we senagat zolaglarynda howanyň hapalanmagy dem alyş…

ÝAŞYL DÜNÝÄ – GELJEGIMIZIŇ KEPILI

Dünýäniň tebigy baýlyklary diňe bir häzirki nesiller üçin däl, eýsem geljekki nesiller üçin hem ýaşaýşyň binýadydyr. Biosfera – ähli janly-jandarlar, ösümlikler, suwlar we atmosfera bilen bilelikde, ýaşaýşy saklaýan örän çylşyrymly ulgamdyr. Bu ulgamda iň möhüm gatnaşyjylaryň biri hem adamzat bolup, onuň edýän hereketleri ýer ýüzüniň geljegini kesgitleýär. Soňky onlarça ýylyň dowamynda dünýä ekologiýasy öň görlüp-eşidilmedik derejede basyş astynda galdy. Iň uly meseleleriň arasynda tokaýlaryň ýitmegi, howanyň hapalanmagy, suw çeşmeleriniň azalmagy we ählumumy ýylylyk bar. Bu…

PLASTIKI ZYŇYNDYLAR – XXI ASYRYŇ IŇ ULY HOWPY

Plastik biziň gündelik durmuşymyza girip, ol adaty zat ýaly görünýän bolsa-da, onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýany örän uludyr. Dünýäde her ýylda 400 million tonnadan gowrak plastik öndürilýär we onuň ep-esli bölegi gaýtadan işlenilmeýär. Netije-de, deňizlere, derýalara we topraga düşýän plastiki serişdeler ýüzlerçe ýyllap çüýremeýär. Plastiki hapalanma diňe janly-jandarlara däl, eýsem adamlara-da täsir edýär. Deňiz haýwanlary plastiki önümleri iýip ölýär, mikroplastikler bolsa, azyk zynjyry arkaly biziň bedenimize çenli gelip ýetýär. Eger bu ýagdaý şeýle dowam etse,…

ADAM WE TEBIGAT: DURNUKLY GATNAŞYGYŇ ZERURLYGY

Tebigat bilen adamyň arasyndaky gatnaşygyň durnukly bolmagy biziň dünýämiziň dowamly ösüşiniň esasydyr. Häzirki döwürde adamzadyň ösüşi bilen daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleri deňleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Ilatyň köpelmegi, şäherleriň giňelmegi we önümçiligiň ýokarlanmagy bilen daşky gurşaw barha köp zyýan çekýär. Daşky gurşawy goramak diňe bir ekologlaryň işi bolman, ähli jemgyýetiň gatnaşmagyny talap edýän köpugurly mesele bolup durýar. Her bir pudagyň, şol sanda oba hojalygynyň, senagatyň we ulag ulgamynyň hem daşky gurşawa edýän täsirine jogapkärçilikli garalmaly.…

ARASSA HOWA – ARASSA ÖMÜR

Howa – adam üçin iň zerur baýlyk. Biz ony görmeýäris, satyn almaýarys, emma ol bolmasa, diňe birnäçe minutda ýaşaýşymyz gutarar. Şonuň üçin arassa howa ýaşaýşyň iň möhüm kepilidir. Soňky ýyllarda şäherlerde howanyň hapalanma derejesi örän ýokarlandy. Awtoulaglaryň gaz zyňyndylary, senagat kärhanalarynyň çykarýan tüsse we gazlary, kömür ýakýan energiýa çeşmeleri howany hapalaýan esasy çeşmelerdir. Bu ýagdaý diňe bir daşky gurşawa däl, eýsem adam saglygyna hem uly zyýan ýetirýär. Demgysma, ýürek-damar keselleriniň we hatda düwnük keseliniň käbir…