4 minut alar
Mandela täsiri - ýalan ýatlama sindromy
Ýadymyzyň durnuksyz gurluşy we daşky gurşaw faktorlardan täsirlenmegi, ýalan pursatlar toslamagymyza sebäp bolup bilýär. Adamlaryň başdan geçirmändigine garamazdan, bir wakanyň bolup geçendigine ynanmalaryna Mandela täsiri diýilýär. Şeýle hem, Mandela täsirini bir hadysany köpçülikleýin ýatdan çykarmak, üýtgedibräk ýatlamak hökmünde kesgitläp bileris. Özüni paranormal gözlegçi hökmünde häsiýetlendirýän Fiona Broome bir konferensiýada Günorta Afrikanyň öňki prezidenti Nelson Mandela'nyň 1980-nji ýyllarda tussaghanada ölendigini agzaýar. Emma Mandela 2013-de dünýäden ötüpdi. Broome gözlegleriniň netijesinde, bu meselede özüniň ýeke däldigini, Mandela'nyň ölümi…