Passenger

Iň gowy bugdaý üçin

Iň gowy bugdaý bäsleşiginde yzly-yzyna iki ýyl baş baýragy alan daýhan bilen gürrüňdeşlik etmäne gelen žurnalistler ilki bilen özüne: “Gowy bugdaý ýetişdirmekligiň iň uly syrry nämedir?”- diýen soragyny berdiler. Daýhan olara mylakatlyk bilen şu geň galdyryjy jogaby berdi: “Özümde bolan gowy bugdaý tohumlary goňşularym bilen paýlaşmagym.” Žurnalistler bu jogaba hem geň galdylar hem-de many tapmadylar. “Nähili? Siz bu bäsleşikde garşydaşyňyz boljak beýleki daýhanlara öz gowy tohumlaryňyzy berýädiňizmi?”-diýip haýranlyk bilen bir habarçy sorady. “Hawa edil şolar…

NUR SAÇMAK

Firmanyň eýesi garry bir adam hassa bolupdy. Indi günleriniň salgydygyny duýýardy. Garry adamyň üç ogly bardy. Ogullaryny ýanyna çagyrdy. Olara indi garrylygyndan işiň başynda durmagyna päsgel berýändiginden aýtdy. Geljek bilen baglanyşykly ogullaryna öwüt-ündew berdi. “Üçüňizde meniň çagalarym, ogullarymsyňyz. ” diýdi. “Içiňizden haýsyňyzyň firmamyzyň başyna geçmeli, muňa karar bermek örän kyn. Men ölemden soň hem gatnaşygyňyzyň bulaşmagany islämok. Şol sebäpden siziň haýsyňyzyň işe mynsypdygyňyzy bilmek üçin sizi synaga salmaga karar berdim. Üçüňizide 100 manat berjek. Häzir…

Pikir çorbasy

Meşhur filosof Diogenes bir çeşmäniň boýunda çorba etmek üçin merjimek arassalap otur eken. Şol wagt hem imperatora ýakynlygy bilen tanalýan Aristippus atly başga bir filosof ýanyna geldi. Aristippus hem filosof bolmasyna filosof, ýöne bilýänlerini daş-töweregindäkilere öwretmekden has imperatora ýaraňjaňlyk etmekde ulanýardy. Şeýdip hem keýip içinde aňsat we rahat bir durmuşy ýaşamagy tapypdy. Gülkili sesi bilen Diogenese: "Senem imperatora ýakyn bolmagy başaran bolsadyň, şeýdip çeşmäniň boýunda merjimek arassalamaga mejbur galmazdyň" diýdi. Diogenes şeýle jogap berdi: "Sen…