Göwün

S P@Serdaryn_Pikirleri
1 minut alar

COCA-COLA KOMPANIÝASYNYŇ ÖŇKI CEO-SY BRAÝAN DAÝSONYŇ 30 SEKUNTLYK ÇYKYŞYNDAN DÜRDÄNELER.

Durmuşy bäş sany kiçijek topy oklap-gapmak oýny diýip göz öňüne getireliň. Bu topjagazlar: 1. Iş, 2. Maşgala, 3. Saglyk, 4. Dost-ýar, 5. Göwün. Siziň wezipäňiz olaryň hemişe howada bolmagyny gazanmakdan ybarat. Basym siz iş diýen topjagazyň rezinden ýasalandygyna, birden ony gaçyraýsaňyz hem onuň ýene ýokary göteriljekdigine göz ýetirersiňiz. Emma beýleki dört top - maşgala, saglyk, dost-ýar we göwün aýnadandyr. Eger siz olaryň haýsy hem bolsa birini gaçyraýsaňyz, çat açar, bir ýerjigi uçar, hatda kül-uşak bolmagy…

Garlawach ...@Enemahri
1 minut alar

Ýiten Göwün

Göwün diýsene... Gö-wün... bary ýogy ikije bogun... Ýöne ynsanyň tutuş bedeni, ýüregi, akyly, ruhyny onuň täsirine görä bolýan eken... Meniňem göwnüm bardy birwagtlar, ýöne ony ýitirdim tötänden. Köp wagt boldy göwnümden derek bolmanyna. Ol-a meni unudan bolmagam ahmal, ýogsa gözlegime çykan bolardy, meni tapan bolardy bir eýýäm... Ol meni näme etsin diýsen-e ,,Göwnüne seretmeýänim" üçin... Özüme galsa-ha göwünsiz hem geçip dur ömür gül ýaly bolup, sebäbi göwnüňe degýän adam ýokda ,,Göwnüm" bolmany üçin ... Ýöne…