2 minut alar
GAÝYN ENE BILEN GELNIŇ ARASYNDAKY DYNMAÝAN DAWA
Gaýyn ene bilen gelniň arasyndaky düşünişmezlik bütin dünýäde görülýän we gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan bir hadysadyr. Özümizde hem şeýle ýagdaý bolup geçýän bolsa geñ görüp oturmaly däldir, sebäbi, bu ýagdaý durmuşyň bir hakykatyna öwrülendigine düşünmelidiris. Gaýyn ene bilen gelniň arasyndaky ilkinji düşünişmezligiň dört müň ýyl mundan ozal arheologiki gözlegleriň netijesinde ýüze çykandygyny we ol daşyň ýüzüne näçe müň kilometr uzaklykdaky ýan ýoldaşyna, öz ýagdaýyny şeýle setirleriň üsti bilen beýan edendigini, taryhçylar belläp geçýärler: “Gel,…