Fantastika

Zametgadan...

1. Emeli aň şeýlebir ösdi hat-da indi duýgulanyp bilýä. Ol indi adamyň buýrugy bolmazdan özi erkin gürläp bilýä. Ol maňa irden: ,,Hantöre, meni söýýäňmi?" diýdi. Menem: "Eger Skaýnet ýa-da Altron bolmajagyňa söz berseň söýýän!" diýdim. 2. Emeli aň şahsyýet bolanyndan soň, adamyň hem nähili şahsyýet bolup kemala gelşiniň syry açyldy. 3. 2100-nji ýyl, adamalar bilen robotlar erkinlik ugrunda söweşýär... 4. Wagt maşyny oýlap tapmaga girişjek. Emma ony oýlap tapmaga wagtym ýok. 5. Galaktikanyň oýunlarynyň içinde…

Syrly gapy

SYRLY GAPY (fantastiki hekaýa) Daň şemaly mylaýym öwüsip, guşlaryň jürküldisi owaz bolup eşdilýän,gül-gülalekleriň hoşamaý ysy kalbyňy heýjana salýan ýaz säherleriniň biridi. Melike daň bilen oýanyp öyüň işine gümra bolup ýördi. Onuň yz ýany bolsa jigisi Maksat oýanypdy. Melike 21 ýaşynda, ýetişen gyzdy, Maksat bolsa 16 ýaşynda ýetginjekdi. Melike jigisini gaty gowy görýärdi, ezizläp saklaýardy. Melike her gün jigisinden we kakasyndan öň turup ertirligi taýýarlap goýardy. Doganlaryň ejesi Maksat 2 ýaşlyjaka aradan çykany sebäpli bulara kakasy…

Ganhor güller

'Ganhor güller' Şäheriň çetindäki öýe bir ýaş maşgala göçüp geldiler Olar bu öýe gelenine indi 1 hepde bolupdy Öý juda gowudy uly howlusy bardy 2 etažly öýüň arka tarapyndaky bagda esasan-da gyzyl güller boý alyp durdy bu öýüň öňki eýeleri güle mähir goýan ynsanlar eken Käbir sebäplere görä olar öýüni satyp gitmäge mejbur bolupdyrlar Öýi ýaş durmuş guran maşgala satyp gitdiler Mark we Klara bu öýi bir hepde içinde öňküsinden hem üýtgedip gözeleşdirdiler jaýyň köne…

Şinigami bilen bir gün

ŞINIGAMI BILEN BIR GÜN (Fantastik hekaýa) Hepdäniň ýekşenbe günüdi. Emma oýananymda dyýgylarym bu güniň duşenbe günidigini aýdýardy. Menem hemişeki ýaly täze güne başladym. Soňra kofe demläp ertirligimi taýynladym. Ertirligi stoluň üstünde goýup, özümem stulda oturdym. Öňümde bolsa garalyp bir Şinigami durdy. Şinigaminiň kimdigini tanamaýan bolsaňyz aýdaýyn, garaz ol bir ýapon ölüm perişdesi. Pikirimçe meniň janymy almana geldi. Ony görüp gorkmadym. Gaýtam begendim. — Gowy geldiň Şinigami, men gaty ýadadym. Meni alyp git. Ölüler dünýäsinemi, parallel…

Şinigami bilen bir gün

Kofe

Şäherde táze Kofe dükany açylypdy, her gezek deňinden geçenimde dükana seredip uludan demimi alýardym. Men haçan gelerkäm bu dükana? Gelsem pulym ýetermikä? Içinde diñe kofe satylýarmyka ýa çaý-paýam barmyka? Beýle pikir etmegimiñ sebãbem, dükan Lýuks bolup görünýãrdi. Babyrlar gelýändir bärik, Buharañ jögileri ýaly edip, meni içerik almazlarla, jübide çigit alar ýaly pul ýok diýip pikir edýärdim. Ýöne her gezek deñinden geçemde içimden "Bir günä hökman şu taýdan kofe içerin, gerek bolsa kakamyň jübisinden pul ogurlaryn…

Zombiler Fantastik hekaýa 1 bölüm

Zombiler - Fantastik hekaýa 2030 ýyl 19 njy iýul, Iş wagtym gutaryp öýe gaýtjak bolup taýýarlanyp durdum, Iş ýerim Daşoguz şäherinde bolan soň şäheriň içinde adamlaryň howsalaly gykylyklary sesleri eşidilip başlady, adamlar aglaşyp gygyryşyp kömek ediň kömek ediň diýen sesler eşidilýärdi, menem aý gulagyma eşidilýändir diýip iş ýerimden çykyp maşynymyň ýanyna bardym, adamlar kimsi binalaryň içinden çykyp gaçyp barýardylar kimsi maşynlaryna münüp gaçyp barýardylar kimsi ýerde gana bulaşyp ýerde ýatyrdy. Binadan çykyp gelýän adamlary kowalap…

Klero (II bölüm)

Hawa... Ol uka batdy, elbetde ýerinda başga biri bolsa ol hem uklardy... Oglanjyk bolsa pejiň gapdalyndaky oturgyçda oturyp ýolagçyny synlaýardy... Eýsem bu ýolagçy kim? Oglanjygyň gözi bilen bu nätanyş myhmany tanalyň: edil şu wagt ol aýratyn bir älemdi, adam emma başga adam, hemmeler ýaly däl, üýtgeşik adam. Onuň sudury zemin gözelliginden däl, onuň özi hem zeminli däl, megerem ol arşdan gelen bolsa gerek... Başga biri bolsa oňa adaty gyzjagaz diýerdi, emma oglanjyk üçin ol aýratyn…

Başga planetalydan gelen hat.

Başga planetalydan gelen hat: Salam, Dünýä! Salam dostlar! Kosmos giňişliginden size salam! Habary size galaktik Wi-Fi-nyň kömegi bilen goýberýärin, Andromedanyň iň bir aňry ujyndan. Siziň bir zady bilmegiňiz gerek, bu habarym wagt we ýer düşünjesi çäkleriniň daşynda ýerleşýän, "hiç zatdan" doly bir depderden çykyp kosmiki tolkunlaryň üsti arkaly syýahat edip eliňize gowuşdy! Belki-de bu älemiň uly syrlaryndan biridir ýa-da diňe, älemiň "Salam Ýer şary!" diýmeginiň bir usulydyr. Kim bilip biler?! Biz "ýyldyz tozgasy jandarlary" hökmünde…

Zametgadan II

Arakhor soňky çüýşesini göterdi. Seretse onuň içi boş eken. *** Uzak kosmik uçuşdan soň kosmos gämisi bir planeta gondy. Kosmos gämisinden onuň kapitany çykdy-da gonan planetasyny synlady. Bu planetanyň ilaty uruşlar sebäpli ýok bolup gidipdi. Bu planeta ,,Earth" diýýärdiler. *** Wagt syýahatçysy geçmişe syýahat edip ýalňyşlaryny düzetsede, geljek öňkiligine galdy. *** - Siz meni haçan öz günime goýjaksyňyz? - Haçanda siz biziň şertimize razy bolsaňyz! Professor olara ýadro ýaragyny ýasap bermek şertine razy boldy. ***…

Klero

Bu bir meňzetme... Käte şeýle-de bolaýýar! Uly tokaýda ýalňyz öýjagaz... Öýüň içinde täsin bir oglanjyk; göräýmäge adaty ýaly... Onuň hem saçlary bar, özem altyn öwüsýär, sarymtyl bugdaý reňkli; onuň hem burny bar, ne uzyn, ne-de kelte, ne inçe, ne-de ýogyn, adaty bir burun; onuň hem gözleri bar, goňur, asman ýyldyzlary ýaly şöhle saçýar, hamala diýersiň iň bagtly adam; onuň hem gaşlary bar, ne has ýogyn, ne has inçe, ýöne welin ussat suratkeş çekendir diýersiň; onuň…