Bakylyk

Juma aga we men / hekaýa

Halypa žurnalist, ussat ýazyjy, nakgaş Juma Hudaýguly agaň ýagty ýadygärligine Anyg-a ýadymda däl. Ýöne, ýalňyşmasam, Juma aga bilen men, takmynan 87-nji ýylda, heniz gögele oglankam tanşan bolmaly. Bissimylla, mekdebiň bosagasyndan ätlänimiz bäri dostum bar, oňam türkmendilçi kakasy (...bardy, pahyr. Iman baýlygyny bersin!). Şolaň öýündäki kitaphana-da obaň ölçeginde äpet. Şo döwürler elýetmez saýyrdyň bedewe deňelýän ýaşyl “altynjyň ýatagy” – mähnet ulaghanaň üç diwaram “tä dabanyndan depesine” çen, uzaboýuna kitap münderlenen tekjelerdi. Öýlerine kitap sorap barsam, kakaly-ogul…

Juma aga we men / hekaýa

Ýaşasyn baky sungat!

Adamy öwmegem sungat. Esasanam, öwmegiň öwülip, döwmegiň döwle-döwle döwlüp bütinleý ýok bolan dillerinde öwmek bilen bagly sungatlar hasam inçelýär. Sungat inçeldigiçe oňa siňdirilýän azap hem artýar. Onsoňam, bu ýerde gürrüň diňe öwmekligiň söz üstündäki oýunlary barada gitmeýär. Sebäbi sungatyň sungat bolmagy üçin sünnälenip ýerine ýetirilýän işiň maddy we ruhy taraplary doly işlenen bolmaly. Garaz, sungatda materia bilen ruh deň işlenmeli. Esasy gürrüňe gaýdyp geljek bolsak, öwmegiň sungata öwrülen dilinde, mysal üçin, öwülýän şahsyýetiň bakylygy hergiz…

TOPRAK

Topragyň özboluşly ysy bolýar. Ene topragymyzy terk edip gidenimizde oglum ýaňy kyrk günlük bäbejikdi. On ýaşanynda-da biz yzymyza dolanyp geldik. On ýyllap dünýäniň iň şäherleşen ýurtlarynyň birinde ýaşap, betondyr emeli parklardan başga zat görmedik oglum garry öýümize gele-gelmän, garry tuduň düýbündäki küpürsäp ýatan topraga elini urdy. Ejem ikimiz aýnadan synlap otyrys. Oglumyň gum oýnaýandygyny görüp, ejemiň ýüregi gyýlyp gitdi. Ol: «Balajyk gumy agzyna salyp iýäýjek bolýar» diýip, uludan demini aldy. Ejemiň sözleri maňa erbet täsir…