Ölüm

İnjimi, ünjümi?

Biz ölüp gitmeli. Ölüm gutulgysyz. Bizden öňküleriň gidişi ýaly, bizem gidiji, bizden soňkularam. Gitmän bolanok. Inimiň oglunyň bize gezmäge gelende öýümiziň oýunjaklaryny görüp «galjak» diýip aglaýşy ýaly nadaralyk edeniň peýdasy ýok. Inimiň ogly myhmançylyga baran ýeriň oýunjagyny öýüňe alyp gaýdyp bolmaýandygyna düşünerden entek kiçiräk. Biraz ulalsa, onuň hem şoňa aňy ýetäýmeli. Aň ýetmeli, aň ýetmese, çaga ýaly aň-düşünjesiz hereketler şol gaýtalanyp durmaly. Sen bary-bir gitmeli. Şonuň üçin iru-giç gitjekdigiňi bilip, şoňa görä taýýarlykly bolmak gerek.…

Pataçylyk

Käbir adamlaryň aradan çykmagyna asman barlyklary hem gynanarmyş. Käbir adamlaryň dünýeden sogrulyp gitmegine asman-zemin gözýaş edermiş. Bu aýdýanym aýat bolmagy hem gaty ahmal. Şäher ýerinde ýaşasaň adamlar ölmeýän ýaly bolup dur. Negada bir bolaýmasa, pata-beýlekä-de gözüň düşenok. Bu ýagdaýy görüp, ölümiň edrenç ýüzüni görkezmezlik maksady bilen pata-sadakalary hem gizläýýälermikä, jynazalary hem restoranda-beýlekide okadaýýamykalar diýesiň gelip dur. Obada welin, sosial dagynyklyk entek doly agalyk etmänsoň, öldi-ýitdi habarlary derrew her kimiň gulagyna degýär. Käbir ýurtlarda, belkem, dünýäde…

Pikir Durlamak

Ýene güýz, Güýz bolsa saralýar ýaprak Ýaprak saralanda durlanýar pikir. Ezizowyň her gezek Güýz barada ýazanynda aslynda ölüm hakynda ýazýandygy hemmä mälim bolsa gerek. Aslynda diňe ölüm hakda diýip ony pessimist görkezmek hem rehimsizlikden başga zat däl. Ol her gezek ölüm barada ýazanynda aslynda ölüm bilen tans edýän ýaşaýyş barada hem ýazýardy. Ol hiç haçan ýaşaýşy wasp edýänleriň ölümi unudyşy ýaly etmändi. Nädip etjek? Wagtyň başlangyjyndan bäri bir-biri bilen kowalaşyp tans edýän iki söýgülini nädip…

Men öldürdim.

Başlarda seniň bilen aramyz nähili gowudy. Birzatlar öwrenmän geçirýän ýekeje sekundymam ýokdy. Güýjümiň iňsoňky damjasyna çenli haýdap öwrenip-öwrenip ýadap ýatyp galýadym. Indi seredip otursam iň süýji günlerimem şol günler eken. O wagtlar gaty günäsizje ekenim. O wagtlar ölümiň, öldürmegiň nämediginem bilemok ekenim. Belli bir wagtdan soň öwrenmekden öňküsi ýaly lezzet alman başladym. Indi seň bilen diňe öwrenip ýörmek gyzykly gelmän başlapdy. Belkem soňa-baka öwrenmeli zatlarymy ýalňyş saýlap başlandyryn, bilemok. Daş töwerekde maňa erbet görelde boljagam,…