Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Süleýmanyň söýgüsi

9 minut alar

 

 (hekaýa)

Süleýmanyň uly umyt baglap, yhlas edip guran “söýgüsiniň öýi” ýykylanyndan soň, ony tanar ýaly bolmady. Ol, hamana, şu dünýä degişli bolmadyk ruhlar ýaly tutuksy ýaşap ýörşüne, beýik patyşa däl-de, sergezdan rawwine (derwüşe) çalym edýärdi. Hiç bir zat ony begendirmeýärdi, öçüşen gözlerine şatlyk çaýmaýardy. Öňki ýaldyraýan gözleri ýüz dürli şöhlesini hemişelik ýitiren ýalydy. Gün-günden  şöhlesini ýitirýän gözleri bilen onuň özem horlanyp ugrady. Horlanyp, şeýlebir derejä geldi welin, birwagtky küdür saçlaryny bezän kipasy (başgaby) arryk çekgelerinden ýaňa gülkünç görünmäge başlady. Süleýmanyň çekgeleri ýitip gitmek howpuna çenli bardy, gözleri bolsa aýylganç ulaldy. Ol ybadathananyň gündiziň güni ýykylandygy sebäpli, köşgüne ýekeje gün şöhlesiniň düşmegine-de rugsat berenokdy, sebäbi şondan bäri günüň şöhlelerini çekip çydabilenokdy. Ol ýörän wagtynda egnindäki uzyn gara dony öz-özünden şowurdaýarmyka diýdirýärdi.

 Ybadathana ýykylandan soňky adaty “gara günleriň” biridi. Günlere “gara” diýip patyşanyň hyzmatkärleri at goýdy. Gülki barada aýdybam oturmaly däl, hyzmatkärlere gaty geplemegem bolanokdy. Patyşa, hatda, özi ýok wagtynda-da gaty geplemegi gadagan etdi. Şol sebäpli hyzmatkärler özlerini ýas tutýan ýaly alyp barýardylar. Köşgüň “gabyr rahatlygyny” ýatladyp duran ümsümligi olara örän agyr düşýärdi. Hyzmatkärleriň tizräk birwagtky şadyýan Süleýmanyň huzuryny terk edesleri gelýärdi. Onuň  diňe öz –özi bilen gepleşýändigi zerarly, gorkunçdan geň dymmalygy bilen asla öwrenşip bilenokdylar. Şolar ýaly daşyndan imisala, içinden tupana ogşaýan günlerde Süleýman gaty geplemeli däldigi, artykmaç sorag berip, azara goýmaly däldigi we gözüniň öňünden çaltrak ýitirim bolmalydygy baradaky tabşyryklary berip ýören, şeýtmek bilen beýlekileri hem özüne meňzetmek isleýän akyly azaşana çalym edýärdi

  • Meniň ýagty jahany göresim gelýär – diýip, ol bir gezek garaşylmadyk ýagdaýda seslendi. Allaniçigsi bolan hyzmatkär dilini ýuwdana döndi. Soňundan özüni ele aldy-da, baş egdi. Ýöne kellesini ýokary galdyran wagtynda, patyşanyň eýýäm özüne däl-de, aşak bakyp oturandygyna göz ýetirdi
  • Siziň aly hezretiňiz – diýip, pyşyrdy bilen başlan hyzmatkär äheňini ýumşatmak üçin özüne mahsus bolmadyk ýuwaş ses bilen gürledi:
  • Men...ýagny biz, size köpden bäri bazaryň gurluşygyny görkezmek isledik hem-de...
  • Hem-de – diýip, Süleýman onuň sözüni böldi. Hyzmatkär, elbetde, Süleýmanyň söýgüli ybadathanasynyň ýykylanyndan soň, onuň üýtgändigini bilýärdi, ýöne patyşanyň gyzyl reňke boýalan gözlerinden gorkaryn diýen pikir kellesine-de gelenokdy. Süleýman hasam hasratdan doly ýesire meňzeşdi.
  • Hem-de hammamy görkezmek isledik, siziň aly hezretiňiz – diýip, hyzmatkär bada-bat jogap berdi. Süleýman ýene başyny aşak saldy. Hiç bir zada üns bermän pikire batdy. Şol wagtda hyzmatkär ýene gerek bolup – bolmajagyny soraýan terzde  bardygyny ýatlatmak isläp, iki ädim yza süýşdi. Şeýdip, bir salym geçdi, soň ýene... Hyzmatkär jogaba garaşyp derledi, onuň uzak epilmekden ýaňa arkasy agyrýardy, beýni damarlary bolsa tirpildeýärdi. Ol dişini gysdy-da, uludan dem almak isledi. Süleýman şo pursat ýerinden galyp, çaltlyk bilen onuň duşundan geçip gitdi.
  • Kätipleri çagyr, goý, olar maňa ýoldaş bolsunlar – diýip, ýene bir gezek epilmäge ýetişmedik hyzmatkäre Süleýmanyň gara donunyň şowurdysy buýruk berdi
  • Häziriň özünde, siziň merhemetliňiz – diýip, hyzmatkär şeýle uzyn eýwany edil ýer ganat ýaly çaltlyk bilen geçip giden gara donuň yzyndan gygyryp galdy. “Belkem  ol, hakykatdanam, ýerden ýöreýän däldir” – diýen pikir hyzmatkäriň ýadyndan çykmady. Ýöne hakykatda Süleýman guşlaryň asmanda uçuşy ýaly, ýerden çalt ýöreýärdi, aýratynam, howlugýan bolsa. Kätiplere patyşanyň hammamy görmek baradaky çakylygyna geň galyp, nämedir bir zatlary aňlamak üçin aşaklyk bilen biri – birine seredişäýmek galdy. Süleýman olara hiç zat aýtmazdan, daş – töweregi aýlanyp çykdy. Şol pursatda onuň gurluşygy gutarmansoň, tozan bilen daşyň ysy gelmegini dowam edýän bazara gözi düşdi. Ol hammamyň hem ähli töweregini aýlanyp çykdy. Patyşanyň ýüzünden hiç bir zady aňlar ýaly däldi. Diňe hammamyň golaýyna ýygnanyşan zenanlar Süleýmanyň ünsüni böldi:
  • Bular näme üçin? – diýip, patyşa sorady. Kelteden tokga kätip beýlekilere seretmezden, Süleýman bilen deňleşdi-de:
  • Olaryň köpden bäri sizi göresi gelýär, meniň patyşam – diýip jogap berdi. Soňundanam birgeňsi ýylgyrdy. – Öten agşam siziň ogluňyz bolupdyr

Ýygnanşyp duranlaryň arasyndan bir zenan bölündi-de, Süleýmana tarap ýöneldi. Zenanyň elinde gaty sarafana dolangy çaga bardy. Şunça seretse-de, bu zenan Süleýmanyň teý ýadyna düşmedi. Onsoňam häzir onuň zenanlary ýatlarlyk höwesi ýokdy. Bazaryň gurluşygy zerarly tozandan we petiş howadan ýaňa Süleýmanyň ýüzi bürüşdi. Ol çagany eline alanda, gaşlaryny çytdy. 

  • Garaja ekeni, garaja – diýip, patyşanyň arkasynda duran kätipler pyşyrdaşdylar. Hakykatdanam, çaga garajady. Nätanyş kişiniň demine gozganyp, ol kiçijek gözlerini açmak isledi
  • Bu çaga Süleýmanyň oglumy? – diýip, tokga kätibiň gazaply garaýşy zenandan sorady. Zenan soraga ajaýyp gözlerini aşak salmak bilen jogap berdi. Süleýman dabaraly:
  • Olaryň hemmesi meniň çagalarym! – diýdi. – Bu ajaýyp oglanjyk üçin ejesini sylaglaň we zenanlara baýramçylyk gurap beriň – diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Hemmeler şatlykly ýylgyryşdylar. Diňe içinden özüni terk edilen we döwlen hasap edýän Süleýman nädip ýylgyrjagyny bilmän durdy. Şol wagt mele saçlaryň bir bölegi onuň gözüne kaklyşdy. Şol ýaldyrawuk saçly zenandan galan ähli aýallaryň saçy ýaglyk bilen örtülgidi. Zenanyň ýüzüni bolsa, aýallaryň degşip durandygy sebäpli görmek mümkin däldi. Onsoň Süleýman hem ony görjek bolup uzak azara galmady. “Gözüme görünýär öýdýän” – diýip pikir etdi. Şu gaý-da – gaýmalaşyk patyşany örän ýadatdy. Ol nädip ybadathana ýykylandan soň, özi üçin kesekä öwrülen ýagty jahany görmäge isleg bildirendigi hakynda we häzirki wagtda, hakykatdanam, halkyň arasynda durup, olary diňläp – diňlemeýändigi hakynda oýlandy. Şu ýylgyryp duran ýüzler çyndanam, patyşanyň öz aralaryndadygyna begenýärmikä? Süleýmanyň garaýşynda hiç hili many ýokdy we ol şol manysyz garaýşyny gözüne ilen ýere tarap aýlap goýberýärdi. Ýene-de onuň şol ýaldyrawuk mele saçlar gözüne ildi, diňe bir ilmegem däl, indi saçlaryň eýesiniň ýarpy göwresini saýgarmak boljakdy. Ol otuz – otuz bäş ýaşlaryndaky ýaş zenan bolup çykdy. Kimdir biriniň ýaglygy zenanyň göwresini doly örtenden soň, Süleýman onuň hyýal däl-de hakykatdygyna doly göz ýetirdi. Onuň ýalan biparhlyk bilen durmagyny dowam etdiresi geldi, sebäbi söýgä ulaşyp, söýgi zerarly öwrenşen rahatlygyny bozasy gelenokdy. Oňa öňdenem bir söýgi gaty gymmat düşüpdi ahyryn. Onuň şol söýgüsi gözüniň alnynda ýumrulmadymy näme?!

Ybadathana ýadyna düşenden Süleýmanyň ýüregi agyryp gitdi. Ol kynlyk bilen howany demine sorup durka, şol wagtyň dowamynda zenanlaryň oňa sag bolsun aýdyp ýetişendiklerine, öz salgysyna öwgüli sözleriň ýaňlanandygyna göz ýetirdi. Bu ýerde zenanlaryň her hilisinden – uzynyndan, keltesinden, garaýagyzjasyndan, dolmuşyndan – bardy. Süleýman olaryň käbirini tanamag-a beýlede dursun, hatda, bir gezek görmändem. Şu tanyş we nätanyş zenanlar ony kätipler bilen birlikde entek gurlup gutarylmadyk täze hammama çenli ugratdylar.

 Gün dik depä galyp, daş – töwerekdäki zatlary ýakyp – ýandyrmaga başlady. Hammam kiçiräk öýüň ölçegindedi, dörtburçdy, daşyndan göräýmäge üçegi pesdi. Ýöne Süleýman hammamyň içine girenden üçegiň uzyn boýly adamyň  kellesine-de degmejegine düşündi. Üçek  diňe daşyndan göräýmäge pessejikdi. Daşardaky petiş howa seretmezden, haýran galaýmaly salkyn şemal patyşanyň derlän arkasyny çalyp geçdi. Daşdan diwarlar edil gyzgyndan goranmagyň ynamdar galkanlary ýaly öçügsi we tutuksy durdular welin, ýene Süleýmanyň keýpi bozuldy

  • Suwdan doldurmaly – diýip, kätiplerden biri howlukmaç buýruk berdi-de, demirden ýasalan uly legene tarap ümledi. Derrew iki sany, soňundan ýene bir aýal legeniň daşynda görnetin pyrlanmaga başladylar. Belkem, Süleýmanyň aýallar legeni suwdan doldurýança seredip durmaga takaty ýetmezdi. Belkem, ol hiç zada seretmezden, ýene ümdüzine tutdurybirdi, kätiplere bolsa hiç zada düşünmezden, patyşanyň yzyna eýermek galardy. Sebäbi Süleýman bilen bular ýaly ýagdaýlar soňky döwürlerde köp bolup geçýärdi. Ýöne ol mele saçlary öz gelip çykyşy barada habar berýän zenanyň deňinde saklandy. Zenan hem patyşanyň özüni ünsli synlaýandygyny aňyp aljyrady.
  • Şuňa bedräni beriň – diýip, Süleýman ýuwaşlyk bilen aýtdy. – Goý, şu suwdan doldursyn

Zenanyň oňlamazlyk bilen daş – töweregine göz aýlaýşyndan çen tutup,  hemmeler onuň nägileligini bildiler. Süleýmanyň üns bermegine ýyllap garaşýan aýallaryň hasam gözügidijiligi artdy. Olar şo zenany görmek üçin topbak bolup süýşdüler. Şeýdip, olar henizem hiç zada düşünmän, naýynjar nazaryny aýlap duran zenanyň daşyny galladylar. Ol orta boýly zenandy. Dolmuş göwresi we berk eginleri sagdyn ýabyny ýadyňa salýardy. Tegelek ýüzi bilen ullakan gara gözleri onuň bu ýerlerden däldigini tassyklaýardy. Hiç zada düşünmese-de, ähli zada kaýyllyk bilen seredip durmagy bolsa, zenanyň mejbury ýagdaýyndan habar berýärdi.

  • Ýesir – diýip, tokga kätip duýdurmaga howlukdy. Aýallaryň haýsydyr biri özüni görkezmek maksady bilen zenanyň eline bedre tutdurjak boldy. Zenan ilkibada garşylyk görkezse-de, soňundan patyşanyň özüne gönükdirilen ünsli nazarynyň täsiri astynda diýen edijilik bilen aýalyň yzyna düşdi. Şol pursatda hemmeler onuň bir aýagyna agsaýandygyny gördüler. Tokga kätip gysga wagtyň içinde onuň adynyň öz dillerine terjime edilende, “bägül” diýen manyny berýändigini we onuň niredendir bir ýerden – Pireneý adalaryndan ýesir alnyp getirilendigini habar berdi.
  • Araplar – diýip, tokga kätip soňundan ernini ýyrşartdy.
  • Ony urupdyrlar öýdýän – diýip, Süleýman gynanç bilen aýtdy, gözleri bolsa duýgudaşlykdan doldy.

Bir aýagyna agsaýan zenan elindäki bedresi bilen näçe Süleýmandan daşlaşdygyça, Süleýman şonça-da özüniň ýalňyzlygynyň we çekip ýören hasratynyň güýjeýändigini duýdy. Ol şu duýgulary nebsagryjylyk bilen çalşar we munuň nebsagryjylyk bolmandygyna soňundan düşüner. Aslynda onuň şol zenan bilen gürleşesi gelipdi. Bu isleg şeýlebir duýdansyz ýagdaýda ýüze çykdy welin, Süleýman, hatda, oňa düşünibem ýetişmedi. Şol zenanyň bar wagtynda nähilidir bir ýeňillik bardy. Süleýmanyň bolsa oňa örän ýüregi awaýardy. Sebäbi şol zenanam ertir näme boljagyny bilmeýän biçäredi, ykbalyň erkine taşlanan ýalňyzdy. “Belki, ony hem edil meni ybadathanamdan aýra düşürişleri ýaly, öz söýgüli ýaryndan aýra düşürendirler” diýen pikir Süleýmany janlandyrdy. Ol aýallar bilen sessiz hoşlaşansoň, ol ýerden ugramak bilen boldy. Elbetde, Süleýmanyň pikirlenýändigi aýallaryň gözünden sypmady, olar patyşanyň  “gara köşkdäki”  “garaňky günlerinden”, agşamlaryna agyrysyna çydaman uwlaýan seslerinden habarlydylar. Onuň şu dünýäniň adamsyna mahsus bolmadyk ýöreýşi hem ünssüz galmady. Olar patyşanyň aýallara bolan biparhlygyny onuň ýöreýşinden okadylar we ahmyr bilen uludan dem alşyp, daş – töweregi alaçsyzlygyň howasyna gapladylar. Aýallar diňe bir zatda ýalňyşypdylar. Olar patyşany gyzyklandyrmasa-da, patyşanyň bir aýagyna agsaýan zenan babatda çynydy. Şol zenanyň öňki sypatlarynyň üstesine alyn dişleriniňem biriniň ýokdugy hakdaky pikir Süleýmany ýylgyrtdy we ol şu gijäniň özünde onuň bilen tanyşmagy ýüregine düwdi. Patyşa şeýleräk pikirler bilen şo zenandan daşlaşdygyça, ýüregi gürsüldäp, islegini barha güýçlendirdi. Süleýmanyň ýene-de şöhle saçýan gözleri:

  • Ony meniň ýanyma getiriň – diýip seslendi.
  • Hökman, meniň patyşam – diýip, oňa jogap berdiler.

Garaňky köşgüne girenden, Süleýman ilkinji gezek üşeýändigini duýdy, ýüregi zenanyň ýylylygyny küýsedi. Sowuklyk bilen ondaky ýadawlyk oýanyp, Süleýman dünýäde hemme zatdan beter dynç alasynyň we rahat uka gidesiniň gelýändigine düşündi. Ol, hamana, uzak dowam eden jadygöýlükden açylandygyny we mundan beýläk rehimsiz periniň ýaman jadylarynyň edil gar ýaly eräp gitjekdigini aňlady. Süleýmanyň öz myhmanyna garaşýan wagtynda, patyşanyň hyzmatkärleri ony ýer ýykyp gözlediler . Şol zenany tapmak üçin, hatda, gurluşyk meýdançasynda duran uly daşlary hem ýerinden gozgadylar. Biderek. Ol zenan hiç ýerden tapylmady we hiç kim ol hakda belli bir zat aýdybilmedi. Alaçsyzlykdan ýaňa hyzmatkärler agaçlara çenli kakdylar, ýöne ýere sary ýapraklar düşdi. Ol zenany, hatda, asmandanam gözlejek boldular, ýöne depelerinde aýlaw edip, nirädir bir uzak ýerlere uçup barýan guşlary gördüler. Ol, hamana, şo pursatda özüne kanagatlylyk we gizlin şatlyk bilen garaşyp oturan Süleýmana ýeňillik we rahatlyk duýgusyny goýup, howada eräp gidene döndi

25 |
|