9 minut alar
Süleýmanyň söýgüsi
(hekaýa) Süleýmanyň uly umyt baglap, yhlas edip guran “söýgüsiniň öýi” ýykylanyndan soň, ony tanar ýaly bolmady. Ol, hamana, şu dünýä degişli bolmadyk ruhlar ýaly tutuksy ýaşap ýörşüne, beýik patyşa däl-de, sergezdan rawwine (derwüşe) çalym edýärdi. Hiç bir zat ony begendirmeýärdi, öçüşen gözlerine şatlyk çaýmaýardy. Öňki ýaldyraýan gözleri ýüz dürli şöhlesini hemişelik ýitiren ýalydy. Gün-günden şöhlesini ýitirýän gözleri bilen onuň özem horlanyp ugrady. Horlanyp, şeýlebir derejä geldi welin, birwagtky küdür saçlaryny bezän kipasy (başgaby) arryk çekgelerinden…