Student
Şowsuzlykardan üstünlige ýetiň!
2 minut alar
Ilki bilen üstünlik näme? Üstünlik, başgalaryň hukuklaryny bozmazdan durmuşyň talap edýän ähli zadyna ýetmek güýji.
Ädim-ädim ownuk üstünliklere ýetmegiň tapgyryny döredip bilersiňiz. Her syýahat ilkinji ädimden başlaýar. Ýöne nirä barýandygymyzy bilmek üçin birinji, ikinji, üçünji we ähli zerur ädimleri ätmeli. Esasy zat başlamakdyr. Adamlary şowsuz edýän zatlar:
1. Tertip - düzgüniň bolmazlygy.
2. Özüňe ynamyň bolmazlygy.
3. Erksizlik.
4. Taşlamak.
Bular hemme kişide bolýar. Birinjiden, tertip-düzgün - Üstünlik erjelligi we tutanýerlilik talap edýär. Käbir maksatlar şowsuz bolýär. Hakyky üstünlik şowsuzlyk gorkusyny ýeňip geçmekdir. Öňüňizde bir maksat goýmak, oňa ýetmek we üstünlik gazanmak üçin gerekli işleri ýerine ýetirmeli. Durmuş kynçylyklardan doly, ýöne köp adam muny ýeňip geçýär. Ilki etjek işiňi kelläňde aýdyň görmeli. Geljek hakda pikir etmeseňiz, geljegiňiz bolmaz. Risk bolmasa sylag ýok, tertip-düzgün bolmasa başarnyk yok, hyýal bolmasa mümkinçilik ýok, başlamazdan üstünlik ýok!
Özüňe ynamyň bolmazlygy - aýgytly hereket etmeýän, öz pikirini aýtmaýan we ilkinji ädimini ädip bilmeýän bu adamlar garaňkydan çykanlarynda çynlakaý üstünlik gazanýarlar. Garaňkydan çykyp bilmeyänler gizlenip şowsuzlykda ýaşaýarlar, sebäbi özüňe ynamsyzlyk wirusy tutuş bedenini gurşap alýar. Özüňize bolan ynamyňyzy peseldýän islendik zady derňäň we ony özüňizden daşda tutuň. Bir işi gowy bilmeýän bolsaňyz, öwreniň we kemçiligiňizi bejeriň ! Braýan Treýsi: "Üstünlik gazanan adamlar diňe üstünlikli endikleri bolan adamlar" -diýen sözü bar. Bir zada öwrenişmek üçin kän wagt gerek däl.
Erksizlik sebäpli käbir adamlar islän zatlaryny edip bilmeýärler we durmuşyndaky adamlaryň gidýän yollaryndan gidýärler. Öz Islemeýän işini etmäge mejbur bolandyklary sebäpli, özleri bilen meşgul bolup bilmeýärler . Durmuşda nähili ýaşajakdygyňyz siziň kararyňyz! Hemme kişi bilen pikirler deň gelmeýär. Bu meselede Aldous Hukli "Hemmämiziň ylalaşmagymyz gowy zat däl. Döredijiligi açýan pikir tapawutlary" dogry sözleri bar. Gysgaça aýdanyňda, dünýäni üýtgetmek üçin bu pikir ilki bilen pikir eýesiniň durmuşyny üýtgetmeli.
Başlan işiňizi tamamlaň. Etjek diýip wagt gidirmän etdim diýiň. Ertiriň şu günden has gowy boljakdygyna arzuw edip oturmagyň ýerine, şu gün ertir oýananymyzdan öňki günümizden birneme gowulaşjak bir zat edip bileris. BAŞLA, sebäbi başlamak üstünligiň ýarysydyr !!!