Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýazmagy başaramok..

2 minut alar

Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da görünişiň ýaly bol!.

Yna edil şuwagt bolşy ýaly durmuşda hem gepe başlamagy kän bir oňaramok. "Özüňizi şoňa ynandyrypsyňyz, ilki bilen 'oňaramok, başaramok...' diýen ýaly negatiw düşünjeleri kelläňizden aýyrmaly." zat diýip motiwasiýalar berjegiňiz bar bolsa diňlemän bileris. Sebäbi bu gürrüňler, bu öwüt-ündewler bize gaty täsirsiz. Biri otlap göýberäýmese ýanjak zadymyz ýok Allajana şükür!. Ýazmagy gowy görýärin, aslynda, dogrysyny aýtmaly bolsam ýazan ýazgymy paýlaşanymdan soň gelýän ýürejiklerdir teswirler hoş ýakýar. Okalmasa, birileriniň täsirlenenini, birileriniň pikir ummanynda birazajygam bolsa sergin şemal öwüsdireniňi duýmasaň gyzygy ýok ýaly. "Rahatlamak üçin ýazýaryn" ýaly eýle beýle gürrüňler bilen özümi aldap bildim. "Şu dünýäde iň köp kimi aldansyň?" diýip sorag soralsa, hiçhili säginmän "Özümi." diýip jogaplap bilerin. Bu ýagdaý size hem gaty nätanyş däl bolsa gerek!.

Gepe eýdip beýdip girdik girmesine welin, asyl aýtjak zatlarymyzdan bolsa gowy daşlaşdyk. Näme hakda bolsa-da bir zatlar ýazasyňyz gelip, kelläňizde "muny ýazsam birileri ýazgaraýmasyn, muny ýazsamam keýwany işimi görer, muny ýazsam döwlet kakamyň azar beräýmegi gaty ahmal, muny ýazsamam maňa gelşenok" ýaly bir topar düşünjeler geçirenleriňiz/geçirýänleriňiz bardyr diýip umyt edýärin. Bu goja dünýede bu temada ýalňyz däldigimi duýmak isleýärin. "Hawa, bu temada siz ýalňyz däl." diýýän bolsaňyz welin, geçdigi bolsun!.

Aňsat-aňsat bolmadyk zatlary ýazyp bilemok, adam aldaýan ýaly duýýaryn özümi. Fantastika zatlar ýazýan ýazyjylar aňrybaşy ýalançylar meniň gözümde. Şolar ýaly kinolaram halamok. "Awatar" diýdi, "Ýyldyzlaryň söweşi" diýdi, ýüzükleriň ependisimi lordymy ýene gör-ä bardy birem meşhur. Garry Potterem agzap geçeýin bolanyna görä, gowja ýenjersiňiz ýaly. Birgiden baýrak alan baý bolgusyz kinolar-a!.

Meniň pikirimçe-de her islän zadyňy aňyrdan gelişi ýaly şodurşyna ýazyp bilmeýän bolsaň ýazmagy başaraňok diýmek. Şonuň üçin men, ýazmagy başaramok..

Ýazsam öldürerler, ýazmasam ölerin!.

Ýazmady, hiçkimem ölmedi..

141 |
|