Sosializm we kommunizm
3 minut alar
Türkmenistan 70 ýyla golaý SSSR döwletiniň düzüminde dörän we şol döwletiň gol astynda ýaşan döwlet bolanlygy sebäpli, kommunizm termini bize gaty daş termin bolmasa gerek. Eysem kommunizm bilen sosializmiň arasynda nähili aratapawutlyklar bar, kommunizm kapitalizmiň öňünde näme sebäpler bilen ýeňildi, has wajyby kommunizm ýaly utopik pikir hakykatdan durmuşa geçirilip bilinerdimi, geliň şu soraglara jogap tapalyň.
Ilki bilen sosializm we kommunizm sözleriniň manylaryna düşüneliň. Sosializm özeninde öndürilýän bütin harytlaryň, berilýän bütin hyzmatlaryň halka deň derejede we elýeterli görnüşde ýetirilmegini goldaýan, halkyň maddy taýdan gatlaklaryny aradan aýyrýan ideologiýadyr. Bärde gysgaça sosializm pes gatlakly adamlar, ýagny işçi gatlaga goldaw berýän, döwlediň esasy güýjiniň işçi güýçlerindedigini aýdýan düşünjedir. Kommunizm latyn sözi bolan communis sözünden gelip çykyp gatlaksyz, pulsuz, döwletsiz ýaşaýyşy gurmagy üçin niýetlenip döredilen ykdysady, syýasy ideologiýasdyr. Kommunizm ilki başda okalanda hemme adamlar tarapyndan gowy garşylanjak, hemme adamlary gowy durmuşda ýaşatmaga ýöriteşdirilen ýaly hem eşdilsede kommunizm ykdysady tarapdan birnäçe kemçilikleri bolan ideologiýadyr. Kemçiliklerini aýtmazdan ozal bu iki düşünjäniň taryhyna seredeliň.
Kommunizm 1848 ýylda Karl Marks we Friderih Engels tarapyndan ýazylan "Kommunist partiýa manifestosy" atly kitaby çapdan çykandan soňra dörändir. Manifestoda ýazylanlara laýyklykda buržuaz gatlagyny, hususyýetçiligi aradan aýyryp, umumy eýeçiligi we gatlaksyz jemgyýeti gurmagy meýilleşdiripdirler.
Kommunizmiň Marksizm-Leninizm atly aýratyn şahasy hem bardyr. Ol şaha görä ilki buržuaz gatlagyny aradan aýyryp sosializmi gurmak, ondan soňra ýuwaş-ýuwaş kommunizmi döretmek bolup durýar. Kommunizm teoriýa tarapdan XIX asyryň ortalarynda dörän hem bolsa 1917 ýylda SSSR-iň döremegi bilen resmi taýdan döwlet dolandyryş görnüşine geçmegi başardy. XX asyrda Kambojiýa, Hytaý hem sosializmi ulanmagy başlady.
Amerika bilen SSSR-iň arasynda 1945-1990 ýyllarda dowam eden sowuk uruş döwründe SSSR ykdysady taýdan peselip başlady. Netijede 1991-nji ýylda SSSR-iň dagamagy we düzümindäki respubliklar garaşsyzlygyny alanlygy sebäpli häzirki wagtda kommunizm ideologiýasy peseldi. Hytaý, Kuba, Laos, Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlar häzirki döwürde hem ýeke partiýaly kommunist režimde döwlet dolandyrylyşygyny dowam edýär. Gysgaça aýdylanda kommunizmiň döreýşi we ösüşi şulardan ybarat.
Ýokarda belläp hem geçipdik. Kommunizm döwletsiz, pulsuz adamlaryň islän önümlerini islän hyzmatlaryny tölegsiz görnüşde almaga mümkinçilik döredýän ykdysady ideologiýadygyny aýdypdyk. Eysem beýle zad mümkinmi? Kommunizm çyndanam adamlaryň arzuwyndaky durmuşy gurmaga mümkinçiligi barmy? Teoriýada kommunizmiň maksatlary hemme adamlary begendirýär. Çyndanam beýle durmuşda hemme adamlar ýaşasy geler. Ýöne praktikada kommunizmi gurmak häzirki zaman jemgyýetinde mümkin däldir. Ony birnäçe sebäpler bilen görkezmek mümkin.
1. Kommunizmde hususyýetçilik ýok. Hususyýetçiligiň ýok ýerinde bäsdeşlik hem ýok. Bäsdeşligiň ýok ýerinde dürli görnüşli, elýeter bahaly önümler hem bolmaýar. Meselem diňe döwlet tarapyndan tikilen egin-eşikleri geýmäge, diňe döwlet tarapyndan öndürilen önümleri iýmäge mätäç bolýaň. Şonuň esasynda häzirki zaman adamlary kommunizmiň tarapdary däl.
2. Jemgyýet. Kommunizmde hemme adam islän önümlerini mugt almana mümkinçiligi bar diýipdik. Häzirki zaman jemgyýetinde harydy mugt paýlamak mümkin däl. Adamlar özüne gerek bolmajak harytlary almagy we beýleki adamlaryň hakyny alyp bilerler. Belki has tertipli jemgyýet dörän wagty bu aýdylanlar hem mümkin bolar.
3. Döwletsiz. Döwletsiz diýmek hem adamlaryň hiç bir gurluşa salgyt tölemän, goragsyz, kanunsyz ýaşamagyna aýdyp bolar. Bu teoriýa hem döwletsiz jemgyýeti saklap bolmajakdygynyň subutnamasy.
Meniň pikirimçe: Başgada birnäçe sebäpler kommunizmiň häzirki zamanda döwlet derejesinde ornaşdyrmagyň mümkin däldigini görkezip bolar. Ýöne azda kände kommunizmiň maksatlaryna düşünensiňiz diýip umyt edýärin. Häzirki jemgyýetimiz üçin geçen makalamda hem aýdyşym ýaly käbir ýetmezçilikleri bolsada kapitalizm örän wajyp ykdysady sistemalygyna galýar. Kommunizm barada soraglaryňyza teswirlerde garaşýan. Aramyzda kommunist okyjylarymyz bar bolsa teswirlerde pikir alyşmagy islärin. Indiki makalamda görüşýänçäk.
theEconomist