Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

SOSIAL ULGAMDA ÝALŇYŞ ÝAZMAK MODAMY ?

1 minut alar

 

 

Ene dilimizi ýatdan çykarmazlyk ähmiýetli meseleleriň biri bolup durýar we bu barada alada etmek üçin örän köp sebäp bar bolsa gerek. Sosial ulgamda agza sanlarynyň köplügine garamazdan, ýönekeý sözleri ýazmany bilmeýän adamlaryň känligi meni haýran galdyrýar. 

 

Bu ulgamda döredilen sahypalary bir - birden açyp gözden geçiren wagtyň, sözleriň edebi dilde ýazylmagyndan-a geçdim welin, iň bolmanda "haýsy hem bolsa bir temany bir dilde ýazsalardy" diýýärsiň. Tekstiň başy türkmen dilinde, arasynda rus ýa-da beýleki diller ulanylýar we dowamy bolsa ýene başga dillere geçip gidýär. Düşnükli we manyly bir sözleme gabat gelmek juda kyn eý, narod!

 

Adam ýalňyşyp biler, hemme adam durmuşda ýalňyşýar. Oňa menem düşünýärin, emma bir sözlemde bäş ýa-da alty sany ýalňyşyň yzly-yzyna goýberilmegi ene dilimize üns berilmeýändiginiň netijesi. Bu ýagdaý ene dilimizi hiçe saýmazlyk bilen deň derejede hasaplamakdan başka zat däldir. Ene dilimiz - biziň öz dilimiz we muňa eýe çykmak her türkmeniň borjudyr diýip hasaplaýaryn. Borç berjaý edilmese maksat amala aşmaz. Mysal hökmünde käbir ýönekeýje sözleriň nädogry ýazylyşyny siziň dykgatyňyza ýetireýin. Görüň we baha beriň!

 

·       Mugallym – mollym, muallym, mollim.

·       Hawa - howwa, howa, hawwa.

·       Dost – dos, dossy, dossym.

·       Boldy – bolly,

·       Gowumy – gowymy, gowimi yagdaylariniz!

12 |