Mugallym (talyp)
Sadalyk we ynanjaňlyk, tama
2 minut alar
Haçandan bäri ýazmak içimden gelenokdy. Näçe gezek ýazaýyn diýip stol başyna geçdim, her gezeginde içimden bir ses "häzir däl" diýýärdi. Bu gün bolsa şol ses "ine şu wagt, ýaz pikiriňi gaýgyrman" diýýär...
Bu gün gozgasym gelýän tema "ynam". Adam näçe ýönekeý, näçe sada bolsa, şonça-da ynanjaň bolýar. Hemişeki ýaly, ýene dessine özüme geçeýin:
- sadalyk edip, her göz-gaş oýnadana ýürek berdim, sadalyk edip içimdäki hakykaty daşyma çykardym, sadalyk edip käte üstümden güldürdim, sadalyk edip, her kömek edene howandarym diýdim, sadalyk edip hemmä özümmikäm diýdim...
Ynandym, we ynanýan. Ynandym, we netijesinde ynam gazandym. Sada bolmak erbet däl, ýöne kyn. Sadalygy saklamak kyn. Käbir ynanan hakykatym hakykat däl eken, käbir ynanan adamlarym sadalygymdan peýdalanypdyr. Ýöne zyýany ýok, men gaty görmedim.
Gynanýan zadym, elimden sadalygymy alýarlar, men ýyl geçdigiçe sadalygymy saklamakda kynçylyk çekýärin...
Ýyllar ozal, heniz çagakam ýürekden ýylgyrýanym, gülýänim ýadymda. Şol mahallar şatlanyp bilýän ekenim, sähel üýtgeşik zat meniň üçin geň galmaga sebäp eken. Şol pursatlary küýseýän... Dünýäniň derdini-aladasyny unudyp, ýene-de babam pahyr bilen oýnasym gelýär. Şu wagtam şol "ejeň gelende ullakan, içi altyndan doly horjun getirer, Afrikadan maýmynlaryň iýýän bananlaryny getirer" -diýlende ynanasym gelýär.
Şol wagtlar ýylda bir gezek gelýän ejem, hakykatdanam Afrikanyň garaýagyz adamlaryndan banan alyp gelýändir öýderdim. Her gezek ýany bilen paýtagtdan banan alyp gelerdi, menem olary işdämenlik bilen iýerdim. Şu ýönekeýje ynanç adaty banany Afrikadan gelen banana öwürerdi, gadyry-gymmaty başgady. Şol "pursatlyk" bagtyň syry megerem sadalykda bolsa gerek?!..
Indi-indilerem ynanasym gelýär. Ýöne soňabaka maňa banan getirilmedi, we men şonda düşündim... Maňa her bir berilen söz tutulmady, men ýene-de düşündim... Esasanam, daýymyň başlangyç synpda okaýarkam: "9-njy synpda ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolsaň kompýuter alyp berjek" - diýen sözüni wagty gelende özüniňem unudandygyna akyl ýetiren günüm... (A men çagalykdan bäri şol sözlemi ýadymdan çykarman, şoňa höwes edýärdim). Düşündim, her bir aýdylan söz tutulanok, her bir aýdylan zat ýürekden çykanok. Ýakynlarymdan başlap uzagymdaky adamlara çenli hemme ýerde şol bir kada-kanun hereket edýär we dowam edýär...
A men bolsa hemme zada çynmyka diýýärin (öňler dagy hasam). Ýöne şol pursatlar, bir gün hemme zadyň gowy boljagyna ynanýan pursatlarym, tama bilen, ynam bilen ýaşaýan pursatlarym has gyzykly we bagtyýardy. Menden sadalygymy almaň, meniň ynanasym gelýär!
Men ynanmakdan ýüz öwürmedim. Ynandym, hemmelere ynandym. Ýöne bil bagladym diýsem ýalançy bolaryn. Ynansam hem tamakinlik bildirip bilmedim, belli bir zada garaşmagy başarmadym hiç kimden... Ynanýan adamyň saňa gowulyk getirjegine tama etmezden ýaşamak kyn, bagtyýarlygyňy eliňden alýar. Meniň ynanasym gelýär, ýöne men indi sada däl öýdýän...
24.07.2024ý ©
"Geçmişe nazar, awtobiografiýa"