Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Rentgen şöhleleri

1 minut alar

  Rentgen (R) ýa-da gamma radiasiýasyna radioaktiw täsir etmek üçin ulgamlaýyn däl birlikdir.1895-nji  ýylda Nemes fizigi Wilgelm Konrad Rentgen katod şöhlelerini gözleýär. Şol wagtlar ol  elektron we radiasiýa hakda hiç zat bilmeýärdi. Rentgen wakumly turbalaryň üsti bilen ýokary woltly tok iberýär, ýöne turba gara karton bilen örtülen hem bolsa, görünmeýän şöhleler kartondan geçip başlaýar we birnäçe metr uzaklykdaky duýgur ekrana täsir edýär. Soňra rentgen şöhleleriniň hem surat plitalarynda galyp biljekdigi ýüze çykaryldy. Gözleg hökmünde aýalynyň elini gözden geçirip, süňklerini surata alýar: şöhleler deriden we myşsalardan aňsatlyk bilen geçýär, ýöne süňk dokumalary we metal bilen ýapylýar. Adamzat ilkinji gezek skalpelsiz adamyň içinde görüp bilýär. Wilgelm Konrad Rentgen 1901-nji ýylda fizika boýunça ilkinji Nobel baýragyny aldy.

JAPAROW Abdylkerim

  TOHI-niñ Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek  fakultetiniñ  Gidromeliorasiýa hünäriniñ 2-nji ýyl talyb

8 |