Mugallym, manager
Pikir çorbasy
1 minut alar
Meşhur filosof Diogenes bir çeşmäniň boýunda çorba etmek üçin merjimek arassalap otur eken.
Şol wagt hem imperatora ýakynlygy bilen tanalýan Aristippus atly başga bir filosof ýanyna geldi.
Aristippus hem filosof bolmasyna filosof, ýöne bilýänlerini daş-töweregindäkilere öwretmekden has imperatora ýaraňjaňlyk etmekde ulanýardy. Şeýdip hem keýip içinde aňsat we rahat bir durmuşy ýaşamagy tapypdy.
Gülkili sesi bilen Diogenese:
"Senem imperatora ýakyn bolmagy başaran bolsadyň, şeýdip çeşmäniň boýunda merjimek arassalamaga mejbur galmazdyň" diýdi.
Diogenes şeýle jogap berdi:
"Sen hem şeýle merjimek çorbasyna pikir etmägi başaran bolsadyň, imperatora ýaraňjaňlyk etmäge mejbur galmazdyň."
Unutmaň, adam nirede we nähili wezipede hem işlese-de ilki bilen özüne hormat goýmagy başarmaly. Ýaraňjaňlyk bilen eden işiňiz iru-giç sizi utançly ýagdaýa düşürer.