Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Mugallym (talyp)

Pelsepe🕯️näme?

1 minut alar

Pelsepe - bu dünýäni (hakyky we hyýaly) öwrenýän we derňeýän ylymdyr. Köp alymlar pelsepäni ylym hökmünde hasaplanoklar, sebäbi pelsepäniň adamzat  durmuşyna goşan "el bilen tutup boljak" goşantlary juda az.

Emma, şeýle düşünjä men garşy çykýaryn, sebäbi pelsepä ylmy taýdan ýakynlaşylýar. Pelsepe ýöretmek arkaly getirilip çykarylýan netijeler biziň durmuşymyzy we medeniýetimizi bir durkuna saklaýandyr!

Pelsepä doly kesgitleme berjek bolsak, onda ol kesgitleme şeýle bolup biler:

  • Pelsepe - bu bütin Älemiň, tebigatyň, adamzadyň we jemgyýetiň ösüşiniň we hereketiniň kanunlaryny öwrenýän ylymdyr. Munuň bilen birlikde pelsepe pikirlenme ukyplaryny hem seljerýär we ölçeýär.

Pelsepe bilen aslynda biziň hemmämiz hem meşgullanýarys, sebäbi, özbaşdak garaýşy we pikiri bolmadyk adam ýokdur. Pelsepe arkaly biz daş-töweregimizde bolup geçýän hadysalara baha berýäris, ýagny dünýägaraýşymyzy emele getirýäris.

Pelsepäniň bölümleri şulardyr:

- Gnoseologiýa (epistemologiýa)

- Ontologiýa (metafizika)

- Etika (aksiologiýa)

- Pelsepäniň taryhy

- Logika 


-Pelsepe gyzyklymy? 

-Hawa. 

-Pelsepäni okamalymy? 

-Hawa. 

-Pelsepäni öwrenmelimi? 

-Ýok, hemme kişi üçin zerur däl!


Hormatlamak bilen: ylmy.goldaw!  

129 |