ÖZ ÝAZYŞ STILIŇI TAPMAK // OÝLANMA
2 minut alar
Her adamyň öz ýazyş stili, äheňi we tony bolýar. Her bir kärde bolşy ýaly, biri bu käri ussatlyk bilen başarýan bolsa, beýlekisi muňa entek bir-iki setir ýazmagyň, nähili ajaýyp duýgudygyna indi-indi düşünýär. Her bir adam, söýýän kärini saýlamaga ygtyýarlydyr. Adam özüne ýakyn hünäri saýlamak üçin uzak ýollara rowana bolmaly we netijesine sabyr bilen garaşmaly bolaýýar. Bu ýoly aşmak, käwagt aýlarymyzy, kämahal bolsa ýyllarymyzy bizden alyp bilýär. Soňunda bu ýolda azaşyp, beýleki kärlere sapmagyň adaty bir ýagdaýa öwrülýändigine hem duş gelýäris. Öz stiliňi tapmak üçin ençeme gezek synanyşyklardan geçmeli, daglary we derýalary aşmaly bolýarsyň. Arasynda ýadaýarsyň, kähalat büdreýärsiň, belkem belli bir wagt ýazmagy hem goýýarsyň. Emma, kalbyňda ýazmak ody öçmedik bolsa, ony tutaşdyrmagyň aladasyny edibermeli. Bolmasa, wagtyň geçmegi bilen onuň hem sönmegi sendäki bar joşguny alyp gidýär.
Aram-aram eliňe galamy alyp şeýle hyjuw bilen köp zady ýazasyň gelýär, içki dünýädäki bolup geçýän harasatlary il-gün bilen paýlaşasyň gelýär welin, birdenem näme üçindir ýazyp bilmän duruberýärsiň! Has dogrusy ideýasyzlykdan we pikiriň gytlygyndan kösenýärsiň. Çynyň bilen bir zatlar ýazmak üçin çemeleşýärsiň, emma galamy ýerinden butnadyp hem bolanok. Galamy itekledigiňçe onuň agramy has hem köpelýän ýaly bolýar. Nämden başlap näme bilen bitirjegiňi anyk bilmeseň, ýagny elinde düşnükli bir ideýa bolmasa eliňe galamy alyp, oý-pikire batyp gideniň nä peýdasy bar! Gymmatly wagtyň ýitgä öwrülýär we netijede hiç bir zat amala aşman galyberýär.
Ýazmak, öňküsinden hasam kynlaşýar. Howanyň garalşy ýaly seniň hem görşüň garalýar, bir tupanyň turmagyna garaşýarsyň. Bir ýerlerden bir zatlaryň gelmegine we bolmagyna garaşýarsyň. Tupan turýar we ýagyş başlaýar. Ýagşyň ýagmagy bilen öňüňde bir durulyk peýda bolýar. Ideýalar yzly-yzlyna gelmek bilen boluberýär. Şeýle pursatlarda kömege garaşýarsyň we kömegiňe ylham ýetişýär. Ylham pikiriň üstüni açýar we saňa ummasyz çeşmäniň kiçijik bir çägi görünýär. Näçe sapar niýetleneniňden soňra pikir hasam durlanýar. Has dogrusy pikir goýulaşýar we ideýa saňa doly bagryny açýar. Indi, ýazmak prosesi başlaýar. Ahyry obrazyňy saýlap, islendik temada ummasyz pikirleriňi beýan edibermeli pursady gelip ýetýär.
©Serdaryn_Pikirleri
08.06.2024ý.