Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

İşçi

Oba barýan ýollar

4 minut alar

Täze ýyldan soň birdan bilet tapyldy-da pasport çalyşmak üçin oba gidip gelmeli boldum. Gelnim bilen maşgala agzalarymyzyň hersine sowgatlaryny alyşdyryp aeroporda bardyk. Ol yzymda galmalydy men bolsa gitmelidim. Ine şol ýerde bir hili agyr duýgyny başdan geçirdim. “Şu liniýadan geçenimden soň durmuşyma ýeke özüm dowam etmelimi?”. Toý edenimize 2 ýyl töweregi bolupdy welin şu wagta çenli beýle aýry ýaşan wagtymyz bolmandy.
Hemme geçmeli ýerlerden geçenimden soň uçara münmeli wagty gelipdi. Tüweleme hemme adamlaryň ýüzi ýyryş ýyryş. Dogduk ýerlerine gaýdyp barýarlar ahyry. Kim bilýär hersi maşgalasyndan näçe ýyl aýry gezip okady ýa-da gazanç etdi, maşgalasyny ekledi?)


Ine uçarymyz hem uçdy. Nesip bolsa 4 sagatdan Aşgabada gonmaly. Uçardaky stuardessalar mylakatly gürleşýärler (geçen gezek gidenimde gaty agras, dominant işgärler bardy).
“Jenap Towukmy ýa-da et?” diýip sorap gelýärler bir başdan. Gulagyma ýalňyş eşidilmeýän bolsa şu uçardaky ýolagçylaryň köp bölegi etli nahar zakaz etdiler. Öňümdäki daýzalaryň biri “Gyzym towukdan bizar bolduk, etden bişirilen näme bolsa iýeris!” diýdi welin her kim gülüşdi.
Uçarda telewizor bolmansoň pikirlenmek üçin wagtym köpdi. “Häzir baramda özümi nähili alyp barmaly? Ilki bilen türkçe garyp geplemeli däl. Eger türkçe garyp gepleseň işgärler halanokmyşlar. Gödek gürleseler hem geçirimliräk bolmaly. Belki olar gödek däldirler, biz has mylaýymdyrys? Srawno öňümden agam çykýar, gijräk geläý diýip aýtdym özä. Howlugyp iliň öňünde aljak galam ýok….”

Pikirlenip 1 sagada golaý irkilipdirin. Adamlaryň çapak çarpýan seslerine oýandym. Uçarman sag aman gonany üçin el çarpýan ekenler. Uçar ýaňy bir gondy welin adamlar ýerlerinden turyp başladylar, men bolsa otyryn, howlugamok. Sebäbi dik dursaňam garaşmaly, otursaň hem.
Her kim haýdap haýdap aeroporda girdiler, teste tabşyrdylar, pul tölediler. Men bolsa iliň yzynda geçip gaýtdym. Gümrükden çykanymdan soň gapynyň aňarsynda agam Muhammedi gördüm. Ikimiz hem duýgylandyk emma erkek bolanymyz üçin ony bir birimize bildirmeli däl;
– Sag aman geldiňmi inim? Gözüň aýdyň!

– Salawmaleýkim agam. Hawa geldim. Gowmy sen gelnejem dagy?
– Hawa olaram gowy. Me al telefondan ejem bilen kakama jaň et. Biraz ynjalsynlar!…

Telefonda olar bilen hem görüşdim. Seslerinden bilip bolýar nähili tolgunýandyklaryny. Indi ugur göni Tejene. Bärdäki dost ýarlara soň aýratynlykda salama geläýeris. Aşgabat bilen Tejeniň arasy takmynan iki sagat (210 km). Aşgabadyň içinden geçip barýarkak mundan 10 ýyl öň şäheriň içinde taksiçilik eden döwrüm ýadyma düşdi. “Eý waý şu ýer Gurbansoltanmy? Hany bedew köpri? Mary stoýanka?”…

– Agam öý içeriler nähilaý? Nämeler üýtgedi? Ejem dagynyň maňa aýtmana çekinip ýören zatlary ýokdura hä?

– Aý Hudaýa şükür gowy hemme zat. Biraz ejem bilen kakam garrajak bolýarlar. Çala bir zada gaty görjek bolup durlar, ylaýta-da ejem. Hol gün nahar iýip otyrkak goňşy Atageldi warryklaryň gelinleri barada aýdyp başlady welin menem bir samsykda “Eje gybat etmäliňle nahar başynda” diýsem “Waýeý bularyň ýanynda dogry zadam aýdarlyk ýoklagyz” diýip biraz öýkelejek boldy. Kakamam pensiýa çykansoň kän bir eýlä beýlä çykanok. Şol maljagazlary bilen güýmenip ýör. Kän gürlänogam. Meniň pikirimçe adamlary birdan pensiýa çykarmaly däl. Soň boşluga gaçan ýaly bolýarlar…

Şeýdip gürrüňleşip ahyry Tejene ýetdik. Aşgabat nähili üýtgän bolsa Tejen şonça üýtgemändir. Girişdäki “TEJEN” ýazgysam şol durşuna dur, parkymyz hem şeýle hat-da ýollarymyz hem şol durşuna dur (käbir ýerleri ýamalypdy).

İne howla girip maşyndan düşen wagtym ejem “Ony men dogurdym, oçerediň başy men” diýen ýaly ylgap gelip gujaklap ogşady. (Öňler ejem gujaklap ogşasa utanardym. Indi utanamok) Soň aýal doganym Dünýä gelip gujaklap ogşady. Ine bir seretsem hakyna kaýyl bolup duran ýaly kakam iki elini yzyna goýup garaşyp dur. “Sag aman geldiňmi köşek?” diýip bir gujaklady. Men bu köşek sesini eşitmedigime 6 ýyl bolupdyr. “Gel geç, ajygyp ýadap gelensiň!” diýip ejem başagaýlygyna başlady. Onuň üçin çagalary näçe ýaşyna ýetse ýetibersin aç we ýadaw ýaly bolup görünýär. Ýogsa hemmesi hem öýli işikli welin…

Agamyň aýdyşy ýaly ejem bilen kakam biraz garrapdyr. Ýüzlerindäki gasynlaryň sany göwnüme bolmasa köpelen ýaly. Durmuş her kime deň daramaýar ahyry. Kiçiligimizdäki dag ýaly adamlaryň boýlary hem kiçelen ýaly, ýa biz ulaldykmykak? Daşary ýurtda çagalaryna bir zat bolaýmasyn diýip alada edýändirler welin biz hem obada ene atalarymyza bir zat bolaýmasyn diýip kän alada edýäris. Ene ataň bilen bileje ýaşap zordan gün güzeranyňy aýlamakmy ýa özge ýurtlarda aýra ýaşap iki tarapa hem ýeterlik gazanç etmekmi? Wagtyň geçmegi bilen birinjini saýlan ikinjiden galýar, ikinjini saýlan birinjiden mahrum galýar.

Oba gitmeli wagtym kellämde ep esli soraglar bardy, baramda köpüsiniň jogabyny tapdym emma gaýtjak mahalym soraglarymyň has hem köpelendigine göz ýetirdim. Soraglaryň jogaplary üçin hökman bir ýerlere gitmelimi? Wagt görkezer…

101 |