Oba Ýollar

Maksat Taýmaz@Maxattay
4 minut alar

Oba barýan ýollar

Täze ýyldan soň birdan bilet tapyldy-da pasport çalyşmak üçin oba gidip gelmeli boldum. Gelnim bilen maşgala agzalarymyzyň hersine sowgatlaryny alyşdyryp aeroporda bardyk. Ol yzymda galmalydy men bolsa gitmelidim. Ine şol ýerde bir hili agyr duýgyny başdan geçirdim. “Şu liniýadan geçenimden soň durmuşyma ýeke özüm dowam etmelimi?”. Toý edenimize 2 ýyl töweregi bolupdy welin şu wagta çenli beýle aýry ýaşan wagtymyz bolmandy. Hemme geçmeli ýerlerden geçenimden soň uçara münmeli wagty gelipdi. Tüweleme hemme adamlaryň ýüzi ýyryş…