Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Nosebo täsiri näme?

2 minut alar

Diňe negatiw pikirleriň sagdyn bedeniňize ýaramaz täsir edýändigine şaýat bolduňyzmy? 

Plasebonyň erbet ekiz dogany, Nosebo we saglyga edýän täsiri.

Plasebony ýada salalyň!

 Hekaýa Ikinji jahan urşy döwründe, lukman ýaraly esgerleri bejermek üçin ulanylýan morfin gutaranda hassalara duzly garyndy bermäge synanyşanda başlaýar.  Lukman bu garyndyny berýärkä, esgerleri garyndynyň agyryny ýeňilleşdiriji täsiri barada gürrüň berýär. Netijede, bu garyndynyň ýaralanan esgerleriň 35% -den gowragynda täsirli bolandygy syn edildi.  Bu netijeler çap edilenden soň, plasebo effekti diýilýän bu hadysa lukmançylyk pudagynda derňelip başlandy.

Nosebo effekti näme?

 Nosebo täsiri, adamyň islendik bejeriş ulgamynda negatiw täsirlere garaşýan ýa-da gorkýan adama ýaramaz täsirini ýetirýän ýagdaýdyr.

 Nosebo sözi latynça “Zyýan bererin" diýen manyny aňladýar.Esasan plasebonyň tersidir.  Plasebo bejerginiň netijeliligine bagly bolmadyk sebäplere görä adamlary gowy duýup we oňyn netijeleri artdyryp bilýän bolsa, nosebo adamlary hasam erbetleşdirip we käbir islenmeýän netijelere sebäp bolup biler.

Diňe derman bilen çäklenmeýär:

Nosebo täsiri plasebo ýaly psihologiki ýagdaýlarda hem ýüze çykyp biler.

 Lukmanlar we saglygy goraýyş işgärleri näme edip bilerler?

 Derman berlende, Nosebo jogabyny nädip azaldyp bolar?  

Bu näbellidir, ýöne hassanyň özüni nähili duýjakdygy baradaky negatiw maglumatlary mümkin boldugyça az berip bolar.

 Nosebo täsirini azaltmak üçin saglygy goraýyş işgärleri hassalara bejergiler we olarda bolup biljek zyýanlary barada anyk we takyk maglumatlary bermeli, ynam atmosferasyny döretmeli, hassanyň gorkularyny ýa-da aladalaryny üns bilen diňlemeli we sabyrly bolmaly.  Duýgudaşlyk bu pursatda gaty möhümdir.

Hassalar Nosebo täsirini azaltmak üçin aşakdakylary synynyşyp bilerler. 

*Bejergi baradaky aladalaryňyz we gorkularyňyz lukmanynyz bilen maslahatlaşmakdan çekinmäň.

*Gowy netijelere ünsüňizi jemlemäge çalyşyň.

*Aladalaryňyza kömek edip biljek dynç alyş usullaryny barlap görüň.

*Şuňa meňzeş bejergileri başdan geçiren ýa-da bejergide oňyn tejribeleri bolan beýlekiler bilen gürleşip, goldaw alyp bilersiňiz.  (Bu pursatda negatiw pikir alýan adamlardan daşda durmak möhümdir.)

 

 

 

16 |